Barselonanyň altyn medaly meşhur ýazyjy Gabriel Garsia Markesa berildi. Çünki ady rowaýata öwrülen awtoryň durmuşy Barselona bilen berk baglanyşyklydyr. Nusgawy eserleriň awtory çylşyrymly durmuşynyň ýedi ýylyny şu şäherde geçiripdir. Günüň ýakyp barýan şöhleleri, ýerli ýaşaýjylaryň joşgunlylygy we röwşen pikirleri, gadymy taryhy onuň döredijiligine ylham beripdir. Gabriel Markes Barselonada “Halypanyň güýzi” atly romanyny, “Uly ganatly goja” powestini we beýleki meşhur eserlerini ýazypdyr. Gabrieliň özüniň ykrar etmegine görä, Barselona onuň iň gowy görýän ýeri bolupdyr. Owadan we özboluşly şäher ömrüniň iň soňky pursatlaryna çenli onuň kalbynda ýaşapdyr. Ol hut şu ýerde güýç we ylham susup alypdyr we öz ömrüniň iň gowy pursatlaryny geçiripdir. Onuň ogly Gonsalo Garsia Barçanyň aýtmagyna görä, onuň kakasy diri bolan bolsa, Barselonanyň ýadygärlik baýragyny almagyna begenerdi, ýöne, gynansak-da, oňa bu pursadta çenli ýaşamak nesip etmedi. Dünýä edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde aradan çykypdy. Şäheriň häkimiýetleri meşhur ýazyjy aradan çykandan soňra, ony “Şäheriň medeni we edebiýat mirasynda bahasyna ýetip bolmajak goşandy üçin” altyn medal bilen sylaglamaly diýen karara geldiler. Şäher häkimiýetleriniň şeýle karary köpçülik we bütin dünýäde Markesiň zehinine hormat goýujylar tarapyndan makullanmak bilen garşylandy.