Köp agyrlyklar gören göreçleriniň nury ýiteňkirlän ýaşuly hassyldap uludan dem alyp ýatyşyna, ysgynsyz elini zordan galdyryp, dulda asykly duran söweş esbaplaryna tarap uzatdy. Töwerek daşyny gurşap oturan märeke nämeniň nämedigine birbada düşünmedi. Ýöne iň öňde oturan, saçyndan ak giren, birazyrak reňki solugrak gök ýaglygyny makem basyryp daňan, ýaşy gartaşyndygy mese-mälim bildirýän aýal kellesini yza aýladyda: -Ogluny soraýar. diýdi Ýuwaşlyk bilen gapa golaý oturan orta ýaşaberän, sakgalyndan ýaňy ak giren, çüýjük gözleri içiňden geçip barýan adam daşyna çykdyda kän uzakda bolmadyk ýabyň kenarynda oýnap ýörän çagalara gygyrdy.Birinji ylgap gelen çybygy at edinen, bolsa 9-10 ýaşlaryndaky oglana -Bar Jamed kakaňa aýt tiziräk gelsin diýdi. Düşbüdigi bildirýän bu oglan aýdylaryna mähetdel hiç hili sorag bermän örän beletlik bilen gözýetimdäki aýak ýeterde ýerleşýän athana bökjekläp gitdi. Çaklaňja bolsada daşy haýat bilen owadan edilip aýlanan üsti bassyrmaly athananyň gapysy çalaja açyk durdy. Içerik giren oglanyň gözi törde duran mele, maňlaýy sakar, öňki sag aýagynyň dyzdan aşagy toýnaga ýetinçe ak bolan, tumşugy garamtylrak, syratly bedewiň gap gara ýalyny darap duran horrakdan gelen uzyn tegelek ýüzli, bolsa ýigrimi bäş ýaşan ýigide düşdi. -Jamed kaka sizi çagyrýarlar diýen birazyrak şaňňyragam bolsa, ýitiräk çykan sese yzyna öwrülen ýigidiň gözi çepiksije ogana düşdi. -Örän zerur diýibem demi demine ýetmän üstüne goşdy. Sähelçe salymdan içerik giren Jamed hiç hili geplemän kakasynyň ýakynjagyna çökdi. Hemme kim diň salyp ýaşulynyň bir zat diýerine garaşdy. Ogluna gözi düşen ýaşuly töwerek daşyna birhatar göz aýladyda nazaryny ýaňky garry aýala dikdi.Onuň bir zat diýjegine derrew düşünen aýal göwresini birazyrak öňräk egdi. -Bizi ýeke goýuň. Ýaşulynyň haýaljakdan aýdandygyna garamazdan agyr dymyşlykdan ýaňa hemme kime onuň sesi aýyl saýyl eşdildi. Sähel salymdan hiç kim galmady.Kellesini çalaja öwrüp ogluna bakan garrynyň gözlerine gubar indi ýöne özüniň sähel salymlyk ejizländigini bildirmejek bolup ýuwaşja gözlerini ýumdy. Jamed bu zatlary duýanam bolsa kakasynyň birhili duýmazlygy üçin üns bermediksirän boldy. Ataly ogul sessiz düşünişdi. Jamediň göwnüni näme üçindir örän erbet ahwala salýan duýgy gaplap aldy. Ol hassanyň başyny ýuwaşlyk bilen göterip ýassygyny düzeden soň maňlaýyndaky çalaja guran matany aldyda gapdalyndaky okaradaky suwa ezdide ýenede ýuwaşlyk bilen yzyna goýdy. Ýaşuly gözlerini açdyda, ysgynsyz iki gezek üsgürip, agzyna tutulan suwdan çalaja owurtladyda dodagyny ýalady. -Jamed oglum süýş bärrek. Onsuzam golaý oturan ýigit birazyrak öňe gobsundy. Hassa kakasy elini oglunyň dyzynyň üstüne goýdyda möhüm zat aýtjagyny duýduryp has çynlakaý görnüşe geçdi. -Oglum hudaýyň bendesi bolan her kes ölümine kaýyl bolmaga borçludyr. Ahyrýete gidende imanyň ýoldaş bolsa oňa ýetesi zat ýokdur. Ýaşuly çala ýylgyrjak ýaly etdi. Ýöne ol ýylgyryş orän ajydy. Kakasyna köp geplemek bolmaýandygyna garamazdan Jamediň bu gün onuň sözüni bolesi gelmedi. Edilmedik em-dermanlaryň, çagyrylmadyk tebipleriň galmandygyna garamazdan bu ýaşulynyň haly gowlaşyp gidbermedi. Takdyra ten beren ýaşuly soňky günlere çenli umydyna üzmedigem bolsa wagt geçdigiçe ahyrynyň golaýlaşyp gelýändigini mese-mälim duýmaga başlady. -Ejeň pahyr soňky deminde seniň sag-aman ese-boýa galmagyňy diläpdi. Gürrüňiň birden duýdansyz başga ugra gönükmegi Jamedi alys çagalyga alyp gitdi. Ýeterlik wagt geçenem bolsa ol ejeli döwrünuň her bir pursadyny düýn bolan ýaly tutuşlygyna göz öňüne getirip bilýärdi.Ýöne şol gün onuň ýadynda hasam gowy galypdy. Tomusyň ahyrky aýy bolan soň güýzüň sergin howasyny ýatladýan şemal her wagt jana ýakymly öwüsýärdi. Ýabyň kenarynda oýnap ýörän Jamed guýa suw çekmäge gelen ejesiniň “habardar bol ýapdan uzakrakda oýna” diýen gepine çala gulak asyp, ýapdan birazyrak daşlaşanam bolsa ejesi öýe tarap ýönelenden garagolluk bilen ýene şol tarapa at saldy. Ýuwaşlyk bilen öý tarapa ýönelen ejesi gapa ýeter yetmez birden çirkin gygyrdyda ýykyldy. Elinden gaçan çelekden goýy tüsse çykdyda soňundanam gara kölegä öwrüldidä gözden gaýyp boldy. Içerden aýylganç iniňi tikeneklediji sese gyssanmaç çykan kakasy hasyr husur onuň kellesini göterdi. Barden ylgaşlap baran Jamede ejesi elini salgadyda demi demine ýetmän: -Jamedi aýyr golaýlatma diýip özünden gitdi. Uzyndan gelen daýaw adam aýalyny gujaklap ýerden galdyrşyna: -Bar Bossan ejäni çagyryp gel diýip ogluna ýüzlendi.Çaşyrak gözleri içiňden geçip barýan sesi şaňňyrakdan gelen ýakymsyz, ýörän wagty agsaklap özboluşly ýöreýän muňa seretmezden atly owazaly tebip bolan bu aýaly Jamed kän halamasada ýagdaýa mese-mälim düşünip goňşy öýe tarap at salyp gitdi we sähel salymdan tebip bilen gapyda peýda boldy. Jamedi göterip daşaryk alyp çykan kakasy urunyp ejesiniň ýanyna dyzaýan ogluny köşeşdirdi. Şol günden soň ony ejesiniň ýanyna goýbermediler. Aglamagy gykylyk turuzmagy peýda etmedi. Alaçsyz diňe kakasy bilen ýatmaga mejbur bolan oglana “ejeň kesel boldy, hä diýmän sagalar” diýen gümürtik geplerden başga hiç zat aýtmadylar. Iň ýaman ýeri günleriň kerwen gurap geçmegine garamazdan ejesä sagalbermedi, a çagajygyň bolsa islegi günden güne möwç aldy. Ejesiniň ýatýan öýüne tiz-tizden aladaly girip çykýan Bossan ejeden bolsa naçe wagtdan bäri goňşy ýaşap gyňyr hasiýetine belet bolan soň sorap durasy gelmedi. Hiç kimden idili jogap alyp bilmedik ejesiniň ýanyna ýüregi atygsap duran Jamed özbaşdak hereket etmegi ýüregine düwdi. Ýöne bu eden hereketi üçin soň bütin ömür özüni kötekläp gezjegini bilen bolsady ........................ Güýzüň ortaky aýydy. Öýläne ýakyn Bossan eje gapydan çykyşyna biraz salym durdyda hiç kime gözi düşmän “Jamed aý Jamed” diýip jana ýakymsyz sesi bilen gygyrdy ýöne hiç hili jogap bolman soň çalaja agsaklap howlukmaç athana tarap ýöneldi. Onuň çykaryna mähetdel usullyk bilen ýabyň kenaryndaky dereklere bukulan Jamed jogap berjek bolup azara galmady. Edýän hereketlerine ünsli gözegçilik edip oturşyna bu ýakymsyz aýalyň sabyrsyzlyk bilen athana girerine garaşdy. Çaganyň ýüregi gürs gürs edipbatly urup gursagyndan çykaýjak boldy. Sebäbi näçe wagtdan bäri birinji gezek ejesiniň ýany hiç kimsiz boş galypdy. Göýä diýersiň ençe wagt gämide deňiz tolkunlary bilen göreşip ahyram arzyly kenara gözi düşen denizçileriň şatlygyna beslenip ejesiniň ýatýan öýüne çapyp gaýdan Jamed, gapydan ätler ätlemez “eje” diýip gygyrdy. Ortada ýatan göwre birhili tisgindide, aýal maşgala mahsus bolmadyk çaltlyk bilen bärsine öwrüldi. Çaga erbet tisgindi. Saçlary sarymtyl gyzyl, gözleri göýä diýersiň buzuň reňkindäki, ýüzi durşy bilen göm-gök bolup duran bu nägehan elhenç iniňi tikeneklediji awuň ysyny alan ýytryjylaryň nazary bilen ony göz açyp ýumasy salym synladyda, gümmürdä meňzeş seslendi -Jamed gel bärik oglum. Ýok bu asla ejesi däldi. Näçe günlerden bäri eden arzuwlary puja çykan çagajyk “ejem nirede” diýip kemiş-kemiş etdi. Onuň gözlerinde iki damja ýaş peýda boldy we ýaňagyndan yz ýasap aşak gaýtdy. Göwre dikeldide Jamed bilen pete-pet durdy. Agyr ahwaly başdan geçiren çaga çabyraýan gyzgyn demden ýaňa özüni ýitirip ugrady. Bir güýç ony dartyp perde bilen örtükli näbelli dünýä tarapa çekip ugrady. Ýöne birden ýaňky göwre göz açyp ýumasy salymda üýtgäp ejesiniň keşbine girdide mejaldan gaçyp ýykyldy. Jamede iň tanyş ses eşdildi. -Jan balam git golaýyma gelme. Eje diýip aglamjyrap öňe ädim äden Jamedi yzdan güýçli el tarpa tutdyda hiç ýere butnatmady. Özünden gidip barýan çaga Bossan ejäniň ullakan okaradan ýapragy ýatladýan bir zatlary onuň üstüne sepip duranyny çalaja aňşyrdy. Ýaňky güýç bir haýkyrdyda edil birnäçe wagt mundan ozal çelekden çykandaky kölegä öwrüldide tüýnükden çaltlyk bilen çykyp gitdi. Yzýany bilen ýakymsyz çekip duran güýjem çaga göwresini terk etdi.Özüne gelen Jamed berk tutup duran goldan sypjak bolup dyzady we yzyna sereden wagty,onuň gözleri kakasynyň alada düşen nazary bilen kaklyşdy. Gyssaga düşen Bossan eje “Alyp çyk Sanjar, Ňanganyň ruhy ýene heläk edýär” diýip pyşyrdady. Çagajyk soňky pursat ejesi tarapa seretdi. Ak köpük saçyp ýatan göwre Jamediň hakydasynda mähribany bilen baglanşykly ýatlamalarda iň elhenç surat bolup galdy. Açyk howa çykan çaga kakasynyň egnine kellesini goýup horkuldap aglady. Ol gorkynyň gözýaşlary däldi. Ol gözýaşlar ahmyr alaçsyzlyk gözýaşlarydy. Ol gözýaşlar iň ýakyn adamyndan garaşany çykmadyk arzuwlary başa barmadyk perzendiň gözýaşlarydy. Biraz salymdan ahmyrly hünibirýan aglaýan aýal sesi çykdy. Jamed ejesiniň sesini ýüregi bilen duýdy. Agy tiz wagtdan kesildide doga okaýan Sona ejäniň şaňňy sesi bilen çalyşdy iň soňundada iki sesem kesildide agyr ümsümlik aralaşdy. Biraz wagtdan gapyda Sona eje göründi. Ol çygjaran gözlerini gyňajynyň çowy süpürip soragly gözlere seretdide, “aýryldy” diýip agy gatyşykly seslendi. Sanjar aga Jamedi ýerde goýdyda hasyrdap içerik girdi. Birhili ysgynsyz ýagdaýda duran çagajygyň gözi birden ir öýlänem bolsa eýýäm aýyl-saýyl bildirýän şapaga düşdi. Ýöne iň geň galdyrýan ýerem onuň reňki adaty şapaklara garanda iniňi tikeneklediji goýy gan ýaly gyzyldy. Kakasynyň ajy-ajy üsgürmesi agyr oýlara batan Jamedi ýatlamalar girdabyndan çykardy.