2015-NJI ÝYLYŇ 1-30-NJY APRELI ARALYGYNDA ÝURDUMYZDA GEÇIRILJEK “SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK” ATLY KÖPÇÜLIKLEÝIN BEDENTERBIÝE-SPORT WE SAGDYN DURMUŞ-MEDENI ÇÄRELERINIŇ MEÝILNAMASY. 2015-nji ýylyň 1-nji apreli, çarşenbe 1. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işgärleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda uzak aralyga ylgaw (marafon) ýaryşy Aşgabat şäheriniň “Köpetdag” şaýoly, welaýat merkezlerindäki şaýollary, sagat 07:00 başlanýar. Bu ylgawy Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary, Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilelikde gurnaýar. 2. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy mynasybetli ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde sagat 15:00 başlanýar. 3. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin sport çäreleri “Aşgabat“ köpugurly stadionynyň kiçi sport meýdançasynda, welaýat merkezlerindäki sport desgalarynda we sport mekdeplerindende sagat 17:00 başlanýar. 2015-nji ýylyň 2-3-nji apreli aralygynda 4. Sportuň başa-baş we söweş görnüşleri boýunça şowhunly görkezme çykyşlary “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sagat 18:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 2-4-nji apreli aralygynda 5. «Aziada 2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny» atly halkara maslahaty “Ýyldyz myhmanhanasy” sagat 10:00. V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilelikde geçirýär. 6. Kuraş göreşi boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 4-nji sport mekdebinde sagat 10:00 başlanýar. 2015-nji ýylyň 1-5-nji apreli aralygynda 7. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda küşt boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebinde geçiriler. 2015-nji ýylyň 1-5-nji apreli aralygynda 8. Woleýbol boýunça 1998-1999-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen woleýbol sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 3-nji apreli, anna güninde. 9. Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly köpçülikleýin-sport çäreleri ýokary okuw mekdepleriniň sport desgalarynda sagat 16:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 4-nji apreli, şenbe 10. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary Gyşky oýunlar sport toplumynda sagat 16:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 4-5-nji apreli aralygynda 11. Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli sambo göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň açyk birinjiligi geçiriler. 2015-nji ýylyň 5-nji apreli, ýekşenbe 12. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň hem-de “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Saglyk ýoluna” köpçülikleýin ýöriş we sport çäreleri Aşgabat şäherindäki Saglyk ýolunyň 8 kilometrliginde sagat 07:00-da geçiriler. 13. Welosport boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky “Galkynyş” gazkäninden Mary-Serhedabat ýoluna çenli sagat 08:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 6-njy apreli, duşenbe 14. Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti barada amaly maslahat Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde sagat 15:00 başlanar. 2015-nji ýylyň 6-11-nji apreli aralygynda 15. 2015-nji ýylyň „Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly“ diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher we welaýat derejelerinde „Bitarap döwletimiz-sagdynlygyň we gözelligiň mekany“ ady bilen ýeňil atletika boýunça orta mekdepleriň ýygyndy toparlarynyň arasynda ýaryş Aşgabat şäher we welaýat sport toplumlarynda sagat 15:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 7-nji apreli, sişenbe 16. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda welosport boýunça köpçülikleýin ýörişi “Köpetdag” şaýolynda, welaýat merkezlerindäki şaýollarda sagat 07:00-da geçiriler. 17. Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli sportuň suw görnüşleri boýunça açyk ýaryş Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynda sagat 10:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 7-9-njy apreli aralygynda 18. Suwda ýüzmek boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 9-njy sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 8-9-njy apreli aralygynda 19. Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi “Aşgabat” köpugurly stadionynda sagat 15:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 6-10-njy apreli aralygynda 20. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda dzýu-do göreşi boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy Türkmenistanyň ýokary sport ussatlyk mekdebiniň sport zalynda sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 7-12-nji apreli aralygynda 21. Boks boýunça Türkmenistanyň çempionaty Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 1-11-nji aprelinde 22. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň (oglanlar) arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI Uniwersiadanyň düzümindäki basketbol boýunça ýaryşy Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 9-10-njy apreli aralygynda 23. Sport akrobatika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 9-12-nji apreli aralygynda 24. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda grek-rim we erkin göreşi boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 10-12-nji apreli aralygynda 25. Bouling boýunça Türkmenistanyň çempionaty Aşgabat şäheriniň Bouling Milli merkezinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 11-12-nji apreli aralygynda 26. Dzýu-do göreşi boýunça erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sagat 10:00-da geçiriler. 27. Woleýbol boýunça 1997-98-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi “Aşgabat” sport sagaldyş toplumynda sagat 15:00-da geçiriler. 28. Milli göreş boýunça 1997-98-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 13-14-nji apreli aralygynda 29. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň saglyk derejesini hem-de beden ösüşini bahalandyrmak Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da geçiriler. 30. Ýeňil atletika we gimnastika maşklary arkaly ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň beden taýýarlygyny bahalandyrmak Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da geçiriler. 31. Ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda sportuň kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, milli göreş, el göreşi we küşt görnüşleri boýunça ýaryşlar Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 14-nji apreli, sişenbe 32. Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda küşt boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly ýaryş Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde sagat 15:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 12-15-nji apreli aralygynda 33. Futbol boýunça 2000-2001-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Daşoguz welaýatynyň açyk birinjiligi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň “Garaşsyzlyk” sport desgasynda sagat 10:00 2015-nji ýylyň 13-15-nji apreli aralygynda 34. Woleýbol boýunça 2000-2001-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 15-nji apreli çarşenbe 35. Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň saglyk derejesini hem-de beden ösüşini bahalandyrmak Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00 36. Ýeňil atletika we gimnastika maşklary arkaly Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň beden taýýarlygyny bahalandyrmak Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 16:00-da. 37. Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň kiçi futbol, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, milli göreş, el göreşi we küşt görnüşleri boýunça ýaryş Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 16:00-da geçiriler. 38. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda tennis boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly ýaryş“Aşgabat” köpugurly stadionynda sagat 15:00. 2015-nji ýylyň 17-nji apreli, anna 39. 2015-nji ýylyň «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da başlanýar. 40. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda suwda ýüzmek boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly ýaryş Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynda sagat 15:00. 2015-nji ýylyň 13-18-nji apreli aralygynda 41. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň (oglanlar) arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI Uniwersiadanyň düzümindäki basketbol boýunça ýaryş Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda sagat 15:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 15-18-nji apreli aralygynda 42. Suwda oýnalýan pökgi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi Mary welaýatynyň Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen suw görnüşleri sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 18-nji apreli, şenbe 43. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ýeňil atletika boýunça “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly ýaryş “Aşgabat” köpugurly stadionynda sagat 15:00. 2015-nji ýylyň 17-18-nji apreli aralygynda 44. Sport gimnastikasy boýunça Lebap welaýatynyň açyk birinjiligi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 18-19-njy apreli aralygynda 45. Sambo göreşi boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 15-19-njy apreli aralygynda 46. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda sambo göreşi boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanýar. 2015-nji ýylyň 16-19-njy apreli aralygynda 47. Adaty karate boýunça çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi Aşgabat şäherindäki 3-nji toplumlaýyn sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 17-30-njy apreli aralygynda 48. Küşt boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebinde sagat 10:00. 2015-nji ýylyň 17-30-njy apreli aralygynda 49. Küşt boýunça aýal-gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebinde sagat 10:00. 2015-nji ýylyň 18-20-nji apreli aralygynda 50. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda gandbol boýunça (gyzlar) “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly ýaryş Aşgabat şäherindäki “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sagat 15:00. 2015-nji ýylyň 19-njy apreli, ýekşenbe 51. Ýaýdan ok atmak boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 1500 orunlyk sport desgasynda sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda 52. Milli göreş boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 53. Kýokuşinkaý karate boýunça Daşoguz welaýatynyň açyk birinjiligi Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň “Garaşsyzlyk” sport desgasynda geçiriler. 2015-nji ýylyň 20-23-nji apreli aralygynda 54. Sambo göreşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň sport zalynda sagat 11:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 20-23-nji apreli aralygynda 55. Söweş sungaty (jiu-jitsu) boýunça Türkmenistanyň çempionaty Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň sport zalynda sagat 11:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 24-nji apreli, anna 56. “Aziada - 2017-ni ýokary derejede geçirmek üçin bar güýç-kuwwatymyzy we yhlasymyzy gaýgyrmalyň” atly meýletinçileriň arasyndaky amaly maslahat Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler. 2015-nji ýylyň 23-25-nji apreli aralygynda 57. Milli göreş we guşakly göreş boýunça 1997-98-nji ýyllarda doglan orta mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi Türkmenistanyň ýokary sport ussatlyk mekdebiniň sport zalynda sagat 11:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 22-25-nji apreli aralygynda 58. Futbol boýunça 1997-98-nji ýyllarda doglan Aşgabat şäheriniň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi “Köpetdag” sport toplumynda sagat 11:00-da geçiriler. Ýaryşy Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilelikde gurnaýar. 2015-nji ýylyň 22-25-nji apreli aralygynda 59. Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň çempionaty Olimpiýa suw-sport toplumynda geçiriler. 2015-nji ýylyň 23-26-njy apreli aralygynda 60. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda boks boýunça “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň jemleýji ýaryşy Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 24-26-njy apreli aralygynda 61. Milli göreşi boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sagat 10:00-da başlanar. 62. Bilýard boýunça Mary welaýatynyň açyk birinjiligi Mary welaýatynyň Mary şäherindäki bilýard merkezinde sagat 16:00-da başlanar. 63. Baýdarka we kanoede küreklemek boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi Balkan welaýatynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň emeli derýasynda sagat 15:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 24-27-nji apreli aralygynda 64. Karate-do boýunça ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi Aşgabat şäheriniň 3-nji toplumlaýyn sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 24-30-njy apreli aralygynda 65. Grek-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş Ahal welaýaty, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 24-30-njy apreli aralygynda 66. Erkin göreşi boýunça ulularyň arasynda Türkmenistanyň çempionaty Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 26-njy apreli, ýekşenbe 67. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary hem-de milli oýunlary Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki atçylyk sport toplumlarynda sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 27-29-njy apreli aralygynda 68. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda gandbol boýunça (oglanlar) “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” atly ýaryş “Galkynyş” bedenterbiýe sagaldyş toplumynda sagat 15:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 27-28-nji apreli aralygynda 69. Taekwon-do ITF boýunça Balkan welaýatynyň açyk birinjiligi Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň sport mekdebinde sagat 10:00-da başlanar. 2015-nji ýylyň 25-30-njy apreli aralygynda 70. Klub toparlaryň arasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionaty Gyşky oýunlar sport toplumynda sagat 10:00-da geçiriler. 2015-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda 71. Aşgabat-Derweze-Aşgabat ugry boýunça Awtoýöriş Garagum çölinde sagat 10:00 geçiriler. 2015-nji ýylyň 29-njy apreli çarşenbe 72. “Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy – 2015” atly halkara ýaryşynyň oýunlarynyň senenamasyna laýyklykda, “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol kluby bilen Kuweýt döwletiniň “Qadsia” futbol klubynyň duşuşygy geçiriler. 2015-nji ýylyň 30-njy apreli, penşenbe 73. “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ýapylyş dabarasy we “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly VI sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglaýyş dabarasy“Aşgabat” aýdym – saz merkezinde sagat 17:00 -da başlanar. Aşgabat şäheriniň we Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýatlarynyň häkimlikleriniň meýilnamalaryna laýyklykda, 2015-nji ýylyň 1-30-njy apreli aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri mynasybetli Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, etraplarynyň we şäherleriniň sport mekdeplerinde hem-de sport desgalarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin sport çäreleri we önümçilik gimnastikalary geçirilýär.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir