Soňky sanlyja ýyllaryň içinde ýurdumyzda sport we bedenterbiýe ulgamynda belent sepgitlere ýetildi diýsek hakykatdan daşa düşdügimiz bolmaz, çünki türkmen türgenleriniň dünýäniň dürli ýerlerinde geçirilýän halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri bu aýdanlarymyzy doly subut edýär. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary hem türkmeniň sport älemindäki halkara abraýyny dünýä ýaýmakda özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berilen täze döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlary halkara derejesindäki bäsdeşiklere ukyply türgenler edip ýetişdirmekde ussat tälimçilerimiz jan aýaman zähmet çekýärler. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda „Sagdynlyk we bagtyýarlyk“ atly köpçülikleýin bedenterbiýe – sport we sagdyn durmuş – medeni çäreleriniň geçirilip başlanmagy, ýurdumyzyň sport ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, bu ulgamdaky abraý-mertebesini has ýokary götermäge aýratyn ähmiýet berdi. Şonuň netijesinde sport ulgamyna berilýän üns ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna uly ýardam edýär. Sportuň islendik görnüşiniň hem saglyga peýdalylygy biziň hemmämize mälimdir. Sporty köpümiz çalasynlyk, çakganlyk, çeýelik, bir söz bilen aýdanyňda, hereket bilen baglanyşdyrýarys. Muňa garamazdan, sport hereket arkaly diňe bedeni berkitmän, eýsem, sagdyn pikirlenmek endiklerini hem ösdürýär. Şondan ugur alyp Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ruhubelent ýaşlary-da halkara derejesinde geçirilýän bäsdeşiklerde kämil tilsimler bilen ýokary netijeleri gazanyp, baýrakly orunlary eýelemek ugrunda ynamlaryny has-da berkidip, bäsdeşiklere ýokary taýýarlykly barjakdyklary barada ynandyrýarlar. Biz hem türgenlermize üstünlikleri arzuw edip, ýeňiş bilen ýurdumyzyň ýer ýüzündäki abraýyny, türkmen tugunyň mertebesini has-da belentlere galdyrmaklaryny arzuw edýäris.

Köneler, parahattm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir