Salam, eje! Bu gün saňa bagyşlap bir zatlar ýazaýyn diýip galam-kagyza ýapyşdym. Esli salym saňa - mähribanyma näme ýazsamkam diýip oýlanyp oturdym... Eje! Seniň maňa bolan mähir-muhabbetiň meniň ömür bossanymyň güneşi. Başujumda oturan gijeleriň diňe seniň gijeleriňdi. Men heniz gundagly bäbekkäm, sen meniň bilen gürleşýärdiň, eje! Özümiň köňül dünýäme ser salsam, ähli ýerde seniň eken gülleriňi görýän. Gaharyňy getiren mahallarym, dözmeseň hem, ýüregiň para-para bolsa-da, maňa käýýän bolardyň. Men - garagol bolsa, eýderdim-beýderdim, barybir ýene-de baryp özümi seniň mährem gujagyňa oklardym... Kakam temmi berjek bolsa, sen meniň gorag gala:mdyň. "Degmesene! Indi gaýdyp gaýtalamaz-la!" - diýip, meniň tarapymy tutardyň. Seniň päkize ýüregiňden syzylyp çykan şol sözleriň hatyrasyna men ýaramaz endiklerimiň hem köpüsinden saplanypdym. Ýadyňa düşýän bolsa, men Begençleriň aýnalaryny döwüpdim. Şonda kakam maňa mazaly temmi berdi. Uzynly gije burçda duruzdy. Sen şonda: "Kakaň mugallym. Il-gün näme diýer? Bu öz ogluny terbiýeläp bilmeýän halyna, iliň çagasyny okadan bolup ýör diýerler, oglum! Men senden bular ýaly zada garaşmaýardym..." - diýipdiň. Henizler hem şol aýdan sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur, eje! Men onsoň kakamdan gorkyma däl-de, diňe seniň şol sözleriň hatyrasyna, şondan soň hiç haçan bu hereketimi etmedim... Aradan aý aýlanyp, ýyllar geçdi... ...Maňa bolsa ýene-de bir gezek talyp bolmak bagty nesip etdi. Men indi öňki oýunlaryndan soň, durmuşyň nämedigine göz ýetirip ugradym... Ýagşy bilen ýamany, ak bilen garany, köçä, suw içen guýyma tüýkürmeli däldigimi sen öwredipdiň maňa, mähribanym! "Hemme ýerde perişdeler bar, sen nädip olaryň üstüne tüýkürip biljek?!" - diýipdiň heniz çagajykkam. Edep-ekramy senden öwrendim. Ikimiz bileje oturyp, heziller edip kitap okardyk. Sen söýdürdiň maňa kitap okamagy. Sen maňa kitap okamagy däl-de, ynsanlary, ähli janly-jandarlary, gül-gunçaly ene topragy... söýmegi-de öwredipdiň... Meni şu günlere getiren seniň päkize kalbyňdy, eje!.. Men seni söýýän! Çagakamam söýdüm, şu wagtam söýýän, indem söýerin!!!

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir