Şu ýylyň 3-8-nji marty aralygynda Makedoniýa Respublikasynyň Ohrid şäherinde geçirilen 9-njy matematika bäsleşiginiň netijeleri boýunça türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kümüş medallarynyň üçüsini we bürünç medallaryň bäşisini gazandylar. Bu abraýly halkara ýaryşyna Rumyniýadan, Bolgariýadan, Gresiýadan, Sloweniýadan, Makedoniýa Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 26-syndan talyplaryň 90-dan gowragy gatnaşdylar. Bu ders bäsleşiginde indi ençeme ýylyň dowamynda üstünlikli çykyş edýän türkmen talyplary bu gezek hem ajaýyp bilimlerini, matematika boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezip, bäsleşigiň iň güýçlüleriniň hataryna girdiler. Dünýäniň matematika ylmynyň geljekki zehinleri bilen bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň ikinji ýyl talyby Ilşat Waliýew, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň ikinji ýyl talyby Töremyrat Gurbanow hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň üçünji ýyl talyby Eziz Kakyşow kümüş medal gazandylar. Bürünç medallara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň üçünji ýyl talyby Pälwan Agamyradoy, şu fakultetiň ikinji ýyl talyplary Babanyýaz Agambaýew, Begenç Akyýew, Agaserdar Ýollyýew hem-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň ikinji ýyl talyby Yhlas Gurbanow bürünç medala mynasyp boldular. Biziň talyplarymyzyň halkara derejesindäki nobatdaky akyl-paýhas bäsleşiginde gazanan ajaýyp ýeňşi milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň şaýatnamasyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri—täze garaýyşly alymlaryň neslini taýýarlamak şol özgertmeleriň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alymlaryň täze nesline innowasiýalar we ösüşler eýýamynda türkmen halkynyň öňünde durýan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etmek garaşýar. Bu ugurda maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagy netijesinde, bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, umumy kabul edilen ölçeglere kybap getirilýär. Bu bolsa ýaş nesillere ýokary hilli köptaraply bilim almaga mümkinçilik berýär. Tutuş ýyrdumyz boýunça iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyklarynyň ýaýbaňlandyrylmagy we açylmagy hem-de olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, şol sanda Internet ulgamynyň dünýäni gurşap alýan maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterliligi we elektron kitaphanalarynyň ornaşdyrylmagy muňa gönüden-göni täsir edýär. Biziň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. 2014-2015-nji okuw ýylynda 6 müň 861 adam Türkmenistanyň raýat ýokary okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplary boldular. Olaryň köpüsi abraýly milli we halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileridir. Türkmenistanyň bilim edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatyna laýyklykda, daşary ýurtlaryň ençeme okuw mekdepleri bilen ysnyşykly, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdular. Biziň ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň bilim ulgamy bilen tanyşmagy, ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň derejesine ýakynlaşmagyna ýardam edýän netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi ýokary bilimli, sazlaşykly ösýän täze nesilleri taýýarlamak, diýmek, milletimiziň aň-paýhas kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin has amatly şertleri döredýär. Muňa bolsa halkara derejesindäki bäsleşiklerde türkmen talyplarynyň görkezýän ýokary netijeleri aýdyň şaýatlyk edýär.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir