1880-nji ýylda rus alymy Nikolaý Iwanowiç Lunin bedeniň iýmit bilen haýsy maddalary almalydygyny anyklamak üçin örän möhüm tejribe geçiripdir. Ol haýwanlary (syçan) emeli ýol bilen arassalanan iýmit maddalary bilen iýmitlendiripdir, şeýle-de olara gerekli mukdarda suw mineral duzlaryny hem beripdir. Birnäçe wagtdan soň, tejribedäki haýwanlar keselläpdirler we basym ölüpdirler. Emma, olara arassalanan iýmit bilen bir wagtda 1 ml tebigy süýt berlende,haýwanda kesellilik ýüze çykmandyr. Şu tejribä esaslanyp, N.I. Lunin iýmit önümlerinde esasy iýmit maddalaryndan we mineral duzlardan başga-da, heniz ylymda belli bolmadyk, emma bedeniň ýaşaýşy üçin gerek bolan maddalaryň bardygy barada pikir ýöredipdir. Emma N.I. Luniniň tejribesi baradaky maglumatlary az adamlar bilipdir,şoňa görä-de, bu alymyň işi ýatdan çykarylypdyr. Diňe 1912-nji ýylda polýak alymy K.Funk iýmit önümlerinde ýaşaýyş üçin möhüm maddalaryň bardygyny tassyklap, olara witaminler (lat. vita – ýaşaýyş) diýip at beripdir. Witaminleriň ähmiýeti. Bedeniň ýaşaýşy üçin beloklardan, uglewodlardan, ýaglardan, suwdan we mineral maddalardan başgada witaminler hem zerurdyrlar. Witaminler organiki birleşmelere degişlidir. Witaminler, esasan hem, ösümliklerde sintezlenýär. Şonuň üçin hem olaryň esasy çeşmesi bolup gök önümler we miweler hyzmat edýär. Haýwanlar ösümlikler bilen iýmitlenip öz organlarynda we dokumalarynda witaminleri toplaýarlar. Şol sebäpli witaminler haýwanlardan emele gelýän iýmit önümlerinde-de bardyr. Esasan, olar bagyrda, böwrekde, süýtde, mesgede, balyk ýagynda, ýumurtga sarysynda bolýarlar. Adam bedeninde hem käbir witaminler emele gelýär. Adamyň içegeleriniň bakterial florasy B witaminler toparyna degişli witaminleri, K we H witaminleri sintezleýär. Şol sebäpli antibiotikler we sulfanilamid derman serişdeleri bilen bejergi alýan adamlara bir wagtda witaminleri hem buýurýarlar. Sebäbi antibiotikler içegäniň florasyny öldürýär. Esasan, köp witaminler fermentleriň düzümine girýär. Kofermentleriň ornunda çykyş edýärler (fermentleriň aktiwatorlary). Şol sebäpli olar fermentatiw reaksiýalara gatnaşýarlar. Adamyň bedeni witaminleri milligram möçberinde talap edýär. Ýöne olaryň yetmezçiliginde madda çalşygynda düýpli bozulmalar ýüze çykýar. Uzak wagtlap iýmitiň düzüminde witaminiň bolmazlygy awitaminoz diýilýän keseliň döremegine sebäp bolýar. Bedende witaminleriň mydama kadadan az bolmagyna gipowitaminoz diýilýär.Witaminler gerekli mukdarda has-da ýaş ösýän bedene zerurdyr.Çagalarda bu keselleriň ikisi hem umumy gowşaklygy emele getirýär. Olaryň boý alşy haýal geçýär, horlanýarlar, ysgynsyzlyk hem ýüze çykýar, olaryň işdäsi kesilýär, görüjiligi bozulýar, ýokuşýan keselleriň döredijileriniň garşysyna bedeniniň durnuklylygy peselýär.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir