Şu ýylyň 3-8-nji marty aralygynda Makedoniýa Respublikasynyň Ohrid şäherinde geçirilen 9-njy matematika bäsleşiginiň netijeleri boýunça türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kümüş medallarynyň üçüsini we bürünç medallaryň bäşisini gazandylar. Bu abraýly halkara ýaryşyna Rumyniýadan, Bolgariýadan, Gresiýadan, Sloweniýadan, Makedoniýa Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň 26-syndan talyplaryň 90-dan gowragy gatnaşdylar. Bu ders bäsleşiginde indi ençeme ýylyň dowamynda üstünlikli çykyş edýän türkmen talyplary bu gezek hem ajaýyp bilimlerini, matematika boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezip, bäsleşigiň iň güýçlüleriniň hataryna girdiler. Bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň ikinji ýyl talyby Ilşat Waliýew, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň ikinji ýyl talyby Töremyrat Gurbanow hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň üçünji ýyl talyby Eziz Kakyşow kümüş medal gazandylar. Bürünç medallara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň üçünji ýyl talyby Pälwan Agamyradow, şu fakultetiň ikinji ýyl talyplary Babanyýaz Agambaýew, Begenç Akyýew, Agaserdar Ýollyýew hem-de Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň ikinji ýyl talyby Yhlas Gurbanow bürünç medala mynasyp boldular.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir