Fiziki maşklarda gyjyndyrma we togtama hereketleri kelle beýnide ýokarlanýar, oňa görä de myşsalar ýygyrlanda olaryň tonusy ýokarlanýar. Şolar bilen baglanyşykda myşsa süýüminiň gurluşy üýtgeýär – olar ýognaýar we göwrümi ulalýar. Yzygiderli güýçli maşklar bilen meşgullanmak, mysal üçin girýalar bilen, 6-8 aýda çalt myşsalaryň göwrümini we güýjüni ulaldyp bolar. Bu bolsa işleýji myşsalaryň iýmitlendirijisi ýokarlandyrylany üçin bolýar. Dynçlykdaky myşsalarda kapilýarlaryň köp bölegi myşsa süýmüni gurşap alýar, ýöne gan ondan akanok. Myşsalaryň ýygyrlanmasynda kapilýarlar açylýar, şonuň üçin hem ganyň basyşy myşsalarda 30 esse ýokarlanýar. Myşsalar türgenleşende täze kapilýarlar emele gelýär. Türgenleşmaniň esasynda myşsalaryňhimiki düzümi üýtgeýär. Energiýanyň mukdary üýtgeýär, sebäbi köp energiýa bölünip çykýar. Olara glikogen we fosfogen degişli. Türgenleşen myşsalar ýygyrlananda myşsa süýminde glikogen we fosfor birleşmesi emele gelýär. Okislenme prosesi çaltlaşýar, myşsalar kislorody özüne gowy siňdirýär.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir