Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada – 2017-ä gatnaşjak döwletleriň düzümini giňeltmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda şeýle-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ýenede täze iki sport ýagny atçylyk sportunyň päsgelçilikden atly bökmek (konkur) şeýle-de türkmen milli göreş görnüşiniň girizilmegi bolsa ähli türgenlerimiziň buýsanjyna buýsanç guwanjyna guwanç goşdy. Biz hem Azida maksatnamasyna täze girizilen atçylyk sportunyň päsgelçilikden atly bökmek (konkur) görnüşiniň taryhyny we birnäçe gyzykly maglumatlary okujylarymyza ýetirmegi makul bildik. Atçylyk sporty ilkinji gezek 1912-nji ýylda tomusky olimpiýa ýaryşlarynyň sanawyna girizilýär. Atçylyk sporty boýunça ilkinji gezek geçirilen bu ýaryşa dünýäniň 10 ýurdundan – Beýik Britaniýadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Çiliden, Belgiýadan, Germaniýadan, Daniýadan, Norwegiýadan we Şwesiýadan türgenler gatnaşýar. Atçylyk sportunyň şeýle nusgawy görnüşleri mälimdir: Atly gezimiň ýokary mekdebi boýunça ýaryşlar aty dürli hereketlerde oýnatmak arkaly dürli ölçegdäki ýörite meýdançalarda geçirilýär. Päsgelçiliklerden atly bökmek ýaryşy, ýagny konkur atçylyk sportunyň iň meşhur görnüşidir. At üstündäki oýunlar atçylyk sportunyň nusgawy däl-de, harby görnüşine girýär. Türkmenleriň at üstünde oýnalýan oýunlary müňlerçe ýyl mundan ozal döräpdir. Biz muňa türkmen dessanlaryna, nusgawy edebiýatymyza ser salsak hem göz ýetirýäris. "At üstünde gylyçlaşmak", "At üstünde naýza zyňmak" ýaly oýunlar, adyndan belli bolşy ýaly, gadymy atly söweşlerde at üstündäki nökerleriň ulanan söweş tilsimleriniň biziň günlerimize oýun görnüşinde gelip ýeten görnüşidir. "Wellemşaha", "It urşy" ýaly at üstünde oýnalýan oýunlaryň hem söweş tilsimleri bolandygyny biz "Görogly" eposyndan bilýäris. Bu oýunlarda söweş tälimi, söweş taktikasy duýulýar. Meselem, "Wellemşaha" oýny aty çar tarapa çapdyrmak, "söweş meýdanynda" eliňe taýak alyp, pyýada goşunyň üstüne atly çozmak görnüşinde oýnalýar. "It urşy" bolsa "gaçdym-kowdum" görnüşinde amal edilýär. Harby at oýunlaryndan başga hem türkmenlerde at üstünde oýnalýan oýunlaryň birnäçe görnüşi bar. Olardan "Telpekgapdy" oýny hem bize gadymdan miras galan oýunlaryň biri. Bu oýunda çapyp barýan atyň üstünde telpegiňi ýokary oklap, soňra ony gaçyrman gapmak talap edilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Watanymyz at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Diňe bir Aşgabat şäherimizde däl, eýsem ähli welaýat merkezlerimizde hem at çapyşyklaryny geçirmek üçin ajaýyp aýlawlar gurlup ulanmaga berildi. Görşümiz ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistan Watanymyzda Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen alnyp barylýan sport ulgamynyň ösüşleri atçylyk sportundan sowlup geçenok. Türkmenistan Atçylyk sportunyň halkara federasiýasynyň agzasy bolup durýar. Bu bolsa watandaşlarymyzyň öz sungatlary bilen dünýä tanalmagyna giň ýol açýar.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir