Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojaw Annadurdyýewi men ilkinji gezek daşkent şäherinde, A.N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik instutynda okap ýörkäm gördüm. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başlarydy. Ol kino işgärleri bilen iş saparyna gelen eken. Olar topar tutuşyp biz bilen, teatr ugrundan okaýan ýaşlar bilen duşuşdylar. Duşuşyk resmi ýagdaýda däl-de, biziň okuw geçýän otaglarymyzyň birinde, çaý başynda geçdi. Ol wagtlar Hojaw aga eýýam ýaşuylaryň yzyna düşüp ugran eken, ýagny mazaly adygyp,ýolda-yzda “Ana. Hojaw Annadurdyýew gelýär” diýdirmäge ýetişen eken. Hojaw Annadurdyýew diýlende, öňi bilen onuň ýakymly owazy ýadyňa düşýär. Biri-birinden labyzly edilip aýdylan aýdymlar gulagyňda ýaňlanýar. Ýöne Hojaw aga işe drama teatrynda, öňki Mollanepes adyndaky drama teatrynda (häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry) başlapdyr. Onuň Tahyryň keşbini (Zöhre-Tahyr spektaklynda) döredişi barada şu wagta çenli öwgüli söz;erini aýtýarlar. 1939-njy ýylda ol il içinde Tahyr diýilip tanalypdyr. Onuň “Hoş gal indi Zöhre janym” diýip, sandyga girişini, şol aýdym bilen märekäni agladyşy soň-soňlaram ýatlan köp bolupdy. Ol diňe bir aýdymyň ussady däl, eýsem drama artisti hökmünde hem “göz görkezipdir”. Keltejik boýly bolsa-da, halk oňa tiz öwrenşip, garaçomaga jogap berip bilýän, dogumly Tahyr höüminde, göze gelip duran gahryman höküminde kabul edipdir. Onuň Zöhrä bolan ygtybarly bakyşy tomaşaçylary haýran edipdir. Ine, şol dogumly, söýgüsine wepaly Tahyr-Hojaw Annadurdyýew bu gün biz bilen içgin-içgin gürleşip otyr. Biziň üçin, ýaňy ýörjeň-ýörjeň bolup ugran ýaş talyp üçin bu uly bagt. Türkmen dileýjisini mahmal sesi bilen aňk edýän aýdymçy talybyň halyndan habar alýar. Özi barada, esasanan ýoldaşlary barada gürriň berýär. Şo; wagtlar “Türkmenfilim” kinostudiýasyny “Aýratyn tabşyryk” atly Taryhy filminiň ýaňy ekerana çykan günleridi. Hojaw aga, onda il-güne dönüklik edip, gelmişeklere jany-teni bilen hyzmat edýän bir näkesiň döreden eken. Ol binamyslykda, kezzaplykda ýakasyny tanadan watan dönüginiň keşbini diýseň ynandyryjy edip görkezipdir. Şol hyzmaty bilenem , “Aýratyn tabşyryk” filminiň üsti bilenem kino sungatyna öz goşandyny goşupdyr. Ýöne Hojaw Annadurdyýewiň milli medeniýetimize goşan äpetgoşandy, onuň aýdymçy hökmünde bitiren hyzmatydyr. Şol barada durup geçesim gelýär. Ilki bilen-ä Hojaw agamyzyň opera sungatynyň ösmeginde bitiren işi, milli operalarymyzda döreden keşpleri hakda aýdalyň. “Zöhre-Tahyr”, “Abadan”, “Aýna” operalarynda Hojaw Annadurdyýew baş gahrymanlaryň keşplerini timarlandygyny, galyberse-de onuň režessura aralaşyp, opera oýunlaryny goýmaga gatnaşandygyny aýtmalydyrys. Ol opera we balet teatrynyň açylmagy bilen drama teatrynda täze açylan teatra geçýär. Uzak ýyllaryň dowamynda opera teatrynyň sahnasynda belli dessanlarymyzyň gahrymanlaryny janlandyrýar. Hojaw Annadurdyýewiň ägirt uly bitiren işleriniň birem, estrada aýdymlaryny ile ýaýmakdyr. Ol diňe bir operalardaky aýdyşyklary, ariozalary ussatlarça aýtman, estrada-da öz ýoluny tapýar, täzelik girizýär. Türkmenistanyň görnükli şahyry Gara Seýitliýew, atly kompozitory Daňatar Öwezow hem ajaýyp aýdymçy Hojaw Annadurdyýew üçüsiniň ady bilen tutulyp, olaryň döreden we ile hödürlän aýdymlarynyň sany barha artýar. “Aýnabat”, “Gyzlar”, “Dnepriň kenarynda”, “Pöwrüze”, “Joş kanalym”, “Hally gözel”, “Täzegül”, “Leýla” ýaly aýdymlar hjalkyň göwnünden turýar. Gara Seýitliýew diýseň döwrebap şahyr, liriki goşgulary bilen seni aňk edýär. Ol başda turba atly saz guralyn çalyp, saz ugrundan mazaly düşünje alýar. Kompozitoryň isleýän zadyna tiz düşünýär, şonuň üçinem tebigi jožguny bilen öňe saýlanan kompozitor Daňatar Öwezow bilen tiz dostlaşýar. “Ýadyňdamy Täzegül täze ýylda duşuşyk, Soradym men adyňy, adym diýdiň Täzegül” Ya-da “Kanal üçin çykdy gyzlar, Bagt lälesin kakdy gyzlar” Diýen ýaly jümleleri öz içine alýan aýdymlar yzly-yzyna dünýä inýär. Şahyryň kompozitor bilen der döküp döreden aýymlaryny Hojaw Annadurdyýew öz ajaýyp owazy bilen baýlaşdyryp diňleýjilere ýetirýär. “Dolýar meniň-ä torlaryma dürli balyklar, Altyn balyk, kümüş balyk, zerli balyklar, Azat mahy, bekre takgaz, çopan balyklar, Gerşi gyzyl, ýakut tylla şapak balyklar, Lezzet berer şerap bilen şorja balyklar” Kompozitor şahyryň şeýle ajaýyp setirlerine, altyn-kümüşçaýýar, görk goşýar. Açdymçy bolsa olaryhas şireli has ýakymly edip, halka ýetirýär. Bu “Ägirtüçlügiň” ady asmana göterilýär. Aýdym üstüne aüdym döreýär. Şol üçlügiň äpet daragtynyň bir golam biziň ýatlap oturan sungat ussadymyz Hojaw Annadurdyýewdir. Hojaw aganyň maşgalasam sungata ýuwrülen adamlardy. Olar Hojaw aganyň etsem-goýsamyny goldaýardylar, oňa hemaýat berýärdiler. Hojaw aganyň özem hemişe il-güniň arasynda bolup, öz kömegini goňşusyndan, ýoldaşyndan, işdeşinden ýygşyran adam däldi. Ýaşlara guwanardy, olara maslahat bererdi. Berkerar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe biz Hojaw Annadurdyýew, gara Seýitliýew, Daňatar Öwezow ýaly halk içinden çykan halk artistlerimizi ýatlamalydyrys, olara guwanmalydyrys. Döwletimiz olar barada ýatladygymyzça kuwatlansa, abraýy artsa, biziň olardan öwrenip hyzmat edýän medeni ulgamymyz has şöhratlanar. Öten geçenleri ýatlamakda, olaryň sungatyny körpe nesile ýetirmekde biz güýjümizi gaýgyrmaly däldiris. Olar şeýle hormata mynasyp adamlar. H. Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir