Magtymguly Pyragynyň ýetginjek döwürleri.Garrymolla(D.Azady)hemişe derläp oturar eken.Soňra Magtymguly ýetişip: -Ata,sen näme üçin elmydama derläp otursyň,Edýän işiň yok?!-diýip sorapdyr. Garrymolla: -Oglum,seniň ýaly telim oglan daglardan odun ýygyp,kimi dagdan çykyp bilmän,kimsi ýükläp bilmän,kimsiniň eşegi ýüküni ýykyp,hemmesi"ýa Garrymolla"diýýärler.Menden medet dileýän olaryň haýsyna ýetişjek.Eger ýetişjek bolsaň,derlemeli bolýar-diýipdir.
Magtymguly hakynda
-
Zidan
10 years ago
- Şyhym saňa duşmandyr,
Ýary ýardan aýranyň.
Soňy saňa puşmandyr,
Ýary ýardan aýranyň.
Ölmesinem,gülmesin,
Bagry ýerden galmasyn,
Ýeke zürýat galmasyn,
Ýary ýardan aýranyň.
Ataň bagry daş bolsun,
Eneň gözi ýaş bolsun,
Müň bir bela duş bolsun,
Ýary ýardan aýranyň.
-
Zidan
10 years ago
- Magtymguly obadaş gyzy Meňlini söýüpdir.Magtymguly Idris babanyň medresesinde okap ýörkä,Meňlini ata-enesi gyzy Şyhym harpyk diýen birine beripdir.Magtymgulynyň yzyndan oba adamlary elharjyny elter ekenler.Şonda olaryň biri şahyra Meňlini Şyhym harpyga berlendigini aýdypdyr.Magtymguly hüjresine baryp:
-Biz nowruza çenli wadalaşypdyk welin,nesip däl eken-diýip gamgyn bolupdyr.
-
Zidan
10 years ago
- Magtymguly şonda:
Bolmady bizge nesibiň,istedim güýzden seni,
Diýdiň:"Ötsün gyş,tapar men täze nowruzdan seni"
Saýladym,seçdim,soňam,bir bölejik gyzdan seni,
Neçün biliň guçmadym,bildim tapyp uzdan seni,
Isterem hakdan,gowuşdyrgaý maňa tizden seni-
diýip başlaýan"Nowruzdan seni"diýen goşguny ýazyp,obadaşlarynyň birinden ony Meňlä gowşurmagyny sargapdyr.
-
Zidan
10 years ago
- Magtymgulynyň ýaşan döwründe gökleňler daglaryň,baýyrlaryň üstüne düme ýazlyk eker ekenler.Ýyl gurak gelse ilat açlykdan horlanar eken.
Bir ýyl kerwenler bilen Magtymgulam öz düýesini iberipdir.Ýolda hanyň bir topar nökeri kerweni talapdyr.Adamlar"Oba boş baranymyzdan ölenimiz gowudyr"diýip göni hanyň huzuryna arz etmäge barypdyrlar.Olar bolan wakany hana aydypdyrlar.Haçan-da kerwenbaşy talanan düýeleriň biriniň Magtymgulynyňkydygyny aýdanda,han dergazap bolup,nökerlerini çagyrypdyr.Han olara:
-Gökleňleriň kerwenini talasak,olaryň Magtymgulysy goşgy ýazyp bizi masgara eder.Derrew mallary galladan ýükläp,ýurduna goýberiň-diýip,buýruk beripdir.Hanyň buýrugy berjaý edilip,kerwen sag-aman yzyna gaýdyp gelipdir.
-
Zidan
10 years ago
- Salam hormatly agzalar! Magtymguly hakynda sizem bilýänleriňizi ýazaýyň."Magtymguly türkmeniň poeziýasy gymmat baha daşlaryň biri bolup,ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar"diýip E.Bertelis ýokary baha beripdir.
-
EdgarPo
10 years ago
- Bähre, gyzykly wakalar eken.
-
Zidan
10 years ago
- EdgarPo,ýene ýaz diýseň ýazaýyn beýik şahyr Magtymguly Pyragy hakynda.Gyzykly wakalar kän.
-
Zidan
10 years ago
- Akyldar şahyr Magtygulynyň şahsyýeti,şahyrana dünýäsi barada rowaýatlaryň, legendalaryň we çeper maglumatlaryň ençemesi döredilip,dilden-dile geçip saklanyp gelinýär.
-
EdgarPo
10 years ago
- Bilýänleňden paýlaşyber Zidan. Bizem okarysda.
-
Zidan
10 years ago
- Bolýa,bilýänlemden paýlaşaryn.Nesip bolsa.
-
Shagadamm
9 years ago
- Gyzykly eken,,,,,,, yene yazaida maksat(zidannnn)
Zidan 10 years ago- Magtymguly şahyr gerkez urugundan Meňli diýen gyzy ýaşlygyndan söýüp,onuň yzynda köp ýyllar gezipdir.Şyhym diýen bir baý adam hem Meňlini söýýän eken.Ol baý gyzyň ata-enesine köp pul berip,Meňlini satyn alypdyr.Magtymgulynyň muňa örän jany ýanyp,Şyhymy nälätläp,şeýle goşgy goşupdyr.