Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Mähribanym, ýene senden jañ geldi:
"Balam, sowuk. Ýyljak geýin, üşeme!"
Ýok, eje jan, tenim sowuk duýanok,
Egnimde palto bar, elimde ellik,
Aýagymda ýüñ jorabym, ädigim.
Häzir-ä üst-başym gülala-güllük!
Ýöne, eje, kalbym üşeýär juda,
Gagşaýar, gatadyp barýar ýüregmi.
Hut häzir men muny diýmän bilemok,
Öt günämi agyrdaýsam ýüregñi!
Göni gursagymy nyşan edinýär
Töwerekde otly sözleñ tikeni.
Indi magat göz ýetirdim: Ogluña
Käbäm, diñe sen düşünjek ekeniñ.
Gargalar başyma hekem boldy-da,
Gonup bilmän, gökde durnam jyklaýar.
Ýaşlykmy, ýatlykmy, garaz, bir zad-a
Kalbymy dyngysyz dyrnaçaklaýar.
Men ýene kän zady öwrendim bärde,
Duşman däl tumşugña kakan her kişi,
Dost bolmaýar her ýüzüñe gülenden,
Eje, ogluñ iñ aýylganç etmişi:
Maña ynananlañ köýdi tamasy,
Ynandym ynama deger-degmeze.
(Aslynda, hemmämiz şeýle,
Pyçagy
duýýas direlende kekirdegmize.)
Tebigata gyşyñ demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Arkaýyn bol, alada-da etme sen,
Eje, ogluñ ýyly geýnen - üşemez!
MrHan 10 years ago- Juda gowy ýazylypdyr
Köp sag bol!