Türkmenlerde “Ata kesbi ogla halal” diýen bir gürrüň bar. Bagşydan bagşy ogla, lukmandan lukman çaga, ussadan ussa, çapaksuwardan çapaksuwar ýigidiň çykmagyna garaşylýar. Ol durmuşda şeýleräk bolubam çykýar. Meniň söhbetdeşim Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň arkestr artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradow, ýokardaky gürrüňi agzanymdan, ýylgyryberdi. Dogrusy, men onuň aýalynyň aýdymçydygyny bilýärdim, ýöne ogullarynyň saz ugrydan okaýandyklaryndan bihabardym. Muhammetçary Türkmen milli konserwatoriýasynda okap ýörkä, Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň arkestrynda sazanda bolup işläp başlady. Jepaly ýyllar, gije diýmän, gündiz diýmän geçirlen türgenleşikler, ussat halypalardan öwrenmek, her gün öz üstünde öz netijesini berdi. Bu gün ol ussatlyga , halypalyga ýetdi. Ol wagtal-wagtal saz guralynda ulanar ýaly owazly gamyş gözläp uzak etraplardan çykýar. Goboýyň täsin owazyny almak üçin her gün ençeme sagatlap der dökýär. Täsirli tilsimleri toplamak üçin ýyllar boýy gözlegde bolýar. Bu gün bolsa ol Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ada mynasyp boldy. Indi ol arkestrlarda saz çalýanlara halypalyk edýär. Muhammetçary Annamyradow diňe bir saz çalmak bilen çäklenenok, ol teatryň arkestryna ýoredýär. Drižerlik sungatynyň tilsimlerini öwrenýär. Muhammetçary 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmenistanyň Altyn asyry “ bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şu ýyl bolsa at gazanan artist diýen hormatly ada mynasyp boldy. “Bir akar ýerinden akarmyş aryk” diýilşi ýaly Annamyradowlaryň iki ogly hem sazandaçylyk ugrundan okaýarlar. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internadynda okaýan ýaşajyk sazandalar eýýäm arkestrde goşulyşyp saz çalmagy başarýarlar. “Maksatdyr Myradyň uly geljegi bar” diýip, olara tälim berýän tejribeli mugallymlar guwanç bilen belleýärler. Sazanda halky känbir gürläp ýörenlerden däldirler. Olar öz duýgularyny saz bilen beýän edýärler. Myratdyr Maksat edil kakalary ýaly ýylgyryp oňýarlar. Ýöne şol ýylgyrmada uly many bar. Olar milli saz sungatymyza guwanýarlar. Kakalary öz ogullaryna halk döredijiliginiň guwanjy bolan milli sazlarymyzy öwredýär. Halypalaryň eden öwrülmelerini özleşdirmegi talap edýär. Nesip bolsa bu ýaşajyk, örän zehinli sazandalar öz halkynyň sungatyny arşa çykararlar. Annamyradowlaryň maşgalasyna üç ogul sowgat eden aýdymçy zenan Gülşürin sazçylyk mekdebinde okap ýörkä köpleri haýran galdyrdy. Şirin owazly aýdymçy gelin häzir Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda işleýär. Gülşürin teatr bilen entäk talypkä, 1994-nji ýylda ysnyşyp başlady. Ilki horda aýdym aýtdy. Soňra “Kemine we kazy” operasynda kiçiräk rollarda çykyş etdi. 2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň açylmagy bilen ol ýanýoldaşy Muhammetçary bilen bu teatrda işe başlady. Gülşürin Annamyradowa “Päk Söýgüniň güýji” oýnunda Merjeniň keşbini ynandyryjy wasp edip, özüniň aýdymyny ussatlarça aýdyp bilişi ýaly drama artisti hem bolup biljekdigini görkezdi. “Sawçy hem sallahlar”, “Bir ojakda iki dünýä”, “Ykbal öwrümleri”... ýene-de ençeme oýunlarda Gülşürin ajaýyp adamlaryň keşbini döretdi. Teatrda “Arşin mal alan” spektakly goýlanda, kärdeşleri birjikde çekinmän Gülşürine söýgi oduna ýanyp-bişýän Gülçähranyň keşbini döretmegi tabşyrdylar. Režisser bolsa, şol keşpde diňe Gülşürini görýändigini aýtdy. Artistiň jepakeşligi, aýdymçy hökmünde ussatlygy Annamyradowa uly üstünlik getirdi. Bile çykyş eden artistleri Öwez gelenow, Kuwat çaryýew, Nury Hudaýkulyýew dagy Gülşürin bilen bile bir spektaklda çykyş etmegiň juda lezzetlidigini aýdýarlar. Gülşürin Annamyradowa hakda söhbet açylanda onuň aýdym aýtmaga onuň ussatlygyny bellemän bolmaz. “Ynjytma”, “Begler”, “Könegüzer”, “Selbinýäz”, “Söýmüşem seni” ýaly onlarça halk aýdymlary ýazgy etdirip, köpçülige ýetirdi. “Eje”, “Watan”, “Arkadaga şöhart bolsun” ýaly aýdymlary Gülşürine uly üstünlik getirdi. Ol türkmen halk aýdymlaryny aýdypTursiýali, Finlandiýaly tomaşaçylary aňk etdi. Ýeri gelende aýtsaň Gülşürin aýdymçy hökmünde “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Gülşürin Annamyradowanyň türkmen dilini gowy görmegi ýakymly sesi, artistlik zehini oň onlarça filimleri türkmen diline geçirmäge medet berdi. Ussat aýdymçy, zehinli artist, uly maşgalanyň keşpini çekýan zenana, maşgalasynda üç sany sazandanyň repetisiýa etmegine mümkünçiligi döredip bilýän artist hem aýdymçy sungat işgärine, ýoldaşlary guwanýarlar. Açdeymçynyň “Söýmişem seni” diýen aýdymynda şeýle setirler bar: Derwüşler gadyr gijesin Söýen dek söýmüşem seni. Bu jümleler Annamyradowlaryň maşgalasynyň sungata, milli medeniýetimize bolan gatnaşygyny, saýlap alan kärine bolan söýgüsini aňladýar diýsek ýalňyşmarys. Goý, ol maşgala türkmen medeniýete ýadawsyz hyzmat etsin. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Bäşimow

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir