Halkara ýaryşlarynda gazanylan baýraklaryň köp sanlysyny getiren 2014-nji ýylyň sport senenamasy söweş sungaty boýunça milli ýaryşlar bilen tamamlanýar. Aşgabatda uşu boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş, Mary welaýatynyň merkezinde taekwondo boýunça (ITF ugry) ýurdumyzyň günorta-gündogar sebitiniň birinjiligi geçirildi, öňümizdäki dynç alyş günlerinde bolsa ýurdumyzyň kikboksçylary Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň çäklerinde iň güýçlüleri kesgitlärler. Hytaýyň söweş sungaty boýunça jemleýji ýaryşlara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 100-e golaýy “Galkynyş” sport toplumyna ýygnandy. Baş baýraga – Kuboga paýtagtymyzyň topary mynasyp boldy. Bu toparyň wekilleri 7 gezek ýeňiji boldular. Umumy topar hasapda Daşoguz welaýatynyň ýygyndysy ikinji orna mynasyp boldy (4 birinji ýer) we üçünji ýeri maryly türgenler eýelediler. Maryly türgenler dürli ugurlarda üç gezek hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykmagy başardylar. Ýaryşyň netijeleri boýunça milli ýygyndymyzyň düzümi kesgitleniler. Bu topar uşu boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görer. Şol ýaryşlar Eýranyň Zahedan şäherinde 2015-nji ýylyň 8-12-nji fewraly aralygynda geçiriler. Aziýanyň uşu federasiýasy ýaryşa gatnaşjak toparynyň düzümine Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň toparlaryny hem goşmak barada çözgüt kabul etdi. Munuň özi, elbetde, medallar ugrundaky göreşiň has-da çekeleşikli bolmagyny üpjün eder, şeýle hem söweş sungatynyň bu görnüşini Aziýanyň dürli sebitlerinde wagyz etmek işine ýardam eder. Geçip barýan ýylda gadymy söweş sungatynyň türkmen muşdaklary ýaryşlaryň her birinde diýen ýaly medallara mynasyp bolmagy başardylar. Mysal üçin, mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde ýetginjekleriň arasynda uşu boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türgenlerimize iň pesinden dünýä çempionatynyň iň güýçlüleriniň sekizliginiň hataryna girmek zerur bolup durýardy. Çünki, şol ýaryşlarda Hytaýda II Bütindünýä ýetginjekler olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilen “Nankin--2014” halkara ýaryşyna ýollanmalar ugrunda göreşildi. Türkmen türgenleriniň üçüsi – Oraznepes Geldiýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), Muhammet Gurbanow (70 kilograma çenli agramlyk derejede) we Merjen Saparowa (60 kilograma çenli agramlyk derejede) bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. M.Saparowa Nankinde geçirilen halkara olimpiýa ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Biziň uşuçylarymyz şu ýylyň güýz paslynda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII Aziýa oýunlarynda bürünç medallaryň ýene-de ikisini eýelediler. Bu ýerde Salahetdin Baýramow we Jennet Aýnazarowa tapawutlandylar. Biziň türgenlerimiz Ermenistanda we Gruziýada geçirilen iri halkara ýaryşlaryň ikisinde hem üstünlik gazandylar. Türkmenistanlylar şol ýaryşlarda medallaryň 20-sine – 9 altyn, 5 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular. Ine, indi bolsa türgenlerimiz ýene-de Eýranda geçiriljek Günbatar Aziýa çempionatynda baýraklar ugrunda göreşmäge taýýarlyk görýärler. Taekwondo (ITF) ussatlary hem şu ýyl Türkmenistanyň sport babatda gazanan üstünliklerine saldamly goşant goşdular. Özi-de, halkara baýraklary diňe dünýä we Aziýa derejesindäki ýaryşlarda gazanyldy. Milli ýygyndymyzyň düzümi barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda ondaky orunlaryň ählisini diýen ýaly maryly türgenler eýeleýärler. Şu ýyl Türkmenistanyň ITF taekwondo milli merkezi, bu sebitiň sport komiteti we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat komiteti tarapyndan guralan Mary welaýatynyň birinjiligine esasan hem ýaş türgenler gatnaşdylar. Olar ýakyn geljekde halkara ýaryşlarda ýurdumyzyň abraýyny gorap çykyş ederler. Ýeňijiler we baýrakly orunlaryň eýeleri ýaryşyň iki görnüşinde – başa-baş göreşde we toplumlaýyn maşklarda (tuli) kesgitlenildi. Gyş döwründe maryly taekwondyçylaryň aprel aýynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň paýtagty Phenýanda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görmeli boljakdygyny bellemelidiris. Milli ýygyndymyzyň gutarnykly düzümi Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça kesgitleniler. Bu ýaryş dünýä birinjiliginiň öňüsyrasynda geçiriler. Türkmenistanlylaryň geçip barýan ýylda geçirilen şeýle ýaryşlarda gazanan netijelerinden çen tutsaň, biziň ýygyndymyzyň Phenýanda geçiriljek dünýä birinjiliginde hem üstünlik gazanmaga uly mümkinçilikleriniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, ýakynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysynyň türgenleri medallaryň bäşisine – 1 altyn (Annamyrat Goşanyýazow) we 4 bürünç (Gaýgysyz Atabaýew, Orazmyrat Çaryýew, Muhammet Hudaýberdiýew we Arslan Batyrow) medallara mynasyp boldular. Koreýada geçiriljek dünýä çempionatynda hem guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna umyt edýäris. ... Kikboksing boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş 27-28-nji dekabrda Aşgabadyň “Galkynyş” sport toplumynda geçiriler. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden iň gowy türgenler paýtagtymyza geler. Öň geçirilen milli ýaryşlar başa-baş göreşiň bu görnüşinde aşgabatly we lebaply kikboksçularyň öňdäki orunlarda barýandyklaryny görkezdi. Ýöne soňky döwürde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem türgenleriň sport ussatlygynyň ýokarlanýandygy mese-mälim duýulýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýerlerde täze döwrebap sport toplumlarynyň köpsanlysynyň açylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol sport toplumlarynda türgenleşmek üçin ähli şertler döredildi. Kikboksing boýunça şu ýaryşlarda kimiň baş baýraga mynasyp boljakdygyny bolsa ýakyn wagtda bileris.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir