EJE Bu gün ýatladym öz mähriban ejemi. Görüpdüm ýar diýip ejesinden geçeni. Şol dälmidir Allañ ýer şara bakyp Zemindäki Hudaý diýip seçeni. Haýyş bilen ýumuş buýurýar ene, Sen bolsa gaşyñ çytyp etýärsiñ ýene. Söwer ýar bir zat aýtsa ylgaýañ, Ýüwürýäñ ýetdireñok şemaldyr ýele. Hany bizde ... hany bizde ar? Eneden ýokardamy saçy kesik ýar? Ejäniñ söýgisi edil dag deýin, Söýgülinki welin misli doñja gar. Söýýän diýmeýäris ejemize garap, A bir gün biri gelse göwnüñe ýarap. Sen oña gaýta-gaýta söýýän diýärsiñ Bir gün gepleşmesek halymyz harap...

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir