Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 19 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen ilkinji ýeke-täk döwlet Türkmenistandyr. Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir. Tükmenistanyň Bitaraplygy – häzirki zamanyň esasy meselelerine düýpli göz ýetirmekdir we olary has giň tejribe esasa daýanyp çözmeklige çalyşmakdyr. Türkmenistan umumyadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny kepillendirmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny berjaý edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti: «Garaşsyz Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlaryna eýerip, olary durmuşa geçirmegiň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlaryny kesgitledi we üstünlikli amala aşyrýar.« diýip belleýär. Türkmenistan beýleki döwletler bilen dosluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleri, amatly geosyýasy ýagdaýy, syýasy durnuklylyk, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny birsyhly özüne çekýänligi özüniň gülleýişli netijelerini berýär. Türkmenistan bütin dünýäde we sebit möçberinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurt maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurduň ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly beýleki ýurtlar bilen hoşniýetli, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmeniň taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazyldy hem-de halkymyzyň aýratyn bir buýsanjynyň çeşmesine öwrüldi. Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen hiç-hili jedelli meseleleri ýok, ýurdumyz olar bilen hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalarynyň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bar. Mukaddes Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler edilip döwletimiz tanalmaz derejede özgerdi. Indi 19 ýyl bäri türkmen topragynda Bitaraplyk güni – baýramy her ýyl dabaraly ýagdaýda şowhunly, şagalaňly bellenilýär. Goý, toý baýrama beslenen Diýarymyz güllesin, össün!

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir