Dünýä kartasynda gülälekli meýdany ýada salýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşyň ähli ugurlarynda gazanýan ýokary ösüşleriniň, ýetýän belent sepgitleriniň özenini umumadamzat bähbitli işleriň düzýändigi bütin dünýä mälim hakykatdyr. Ýurduň milli Lideri Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde gazanylýan bu üstünlikler Türkmenistanyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Ýaňy-ýakynda Orta Aziýanyň merjeni adyna eýe bolan Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Aziada – 17-ä gatnaşjak döwletleriň düzümini giňeltmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem umumadamzat bähbitlerini nazarlamak bilen, diňe bir türkmen sportunyň däl, eýsem, dünýä sportunyň taryhynda täze altyn sahypany açdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiasynyň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň we Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň prezidenti jenap Robin Mitçelliň gatnaşmagynda gol çekilen bu Ähtnama dünýä sport ulgamynda Türkmenistana bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyny görkezýär. Mälim bolşy ýaly, jöwher binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan mermer paýtagt Aşgabada günde dünýäniň dürli künjeklerinden set-müňlerçe gonaklar gelýär. Şonda paýtagtyň gülgün gujagyna düşýän myhmanlaryň nazary öňi bilen bu ýerde häzirki zaman şähergurluşyk-binagärlik infrastrukturasy esasynda alnyp barylýan gurluşyk işlerinde saklanýar. Paýtagtyň dört künjegini gurşap alan gurluşyk işleri gije-gündiz dowam etmek bilen, gün geldigiçe onuň keşbini özgertýär. Şeýle global işleriň hatarynda paýtagtda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Olimpiýa şäherjigini görkezmek bolar. Türkmenistanyň milli Lideriniň hemişelik aladalary bilen gurşalan şäherjikde ýene-de sanlyja ýyldan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. Aziýa oýunlarynyň taryhynda uly ähmiýetli waka boljak bu oýunlara ilkinji gezek Aziýa yklymyna degişli bolmadyk Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleriniň gatnaşjakdygy taryhy wakadyr we şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň halkara sport dünýäsinde abraýynyň ýokarydygyny görkezýän ýagdaýdyr. Geliň, dünýä sport äleminde täze sahypalary açjak Olimpiýa şäherçesinde alnyp barylýan şu günki işler bilen ýakyndan tanyş bolalyň. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň Baş meýilnamasynyň taslamasy düzülip, bu ugurda ýurtda köp sanly duşuşyklar we okuw seminarlar, sergilerdir maslahatlar geçirilip, halkara tejribeler öwrenilýär. Munuň özi halkara sport çäresine ykjam taýýarlyk görülýändigini alamatlandyrýar. Munuň özi ony Merkezi Aziýada iň iri sport toplumlarynyň hataryna goşar. Toplumda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän ähli talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň birnäçesi bar. Häzirki wagtda şäherjikde ilkinji nobatdaky desgalaryň gurluşygy doly tamamlanyp, indiki nobatdakylaryň gurlyşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bilişimiz ýaly welosiped we ylgaw sportuň esasy ugry hökmünde bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Toplumyň tutuş ugry boýunça welosiped we ylgaw ýodajyklarynyň geçýändigi ony täsin alamatlara eýe edýär. Dünýä sport äleminde uly waka öwrüljek bu sport forumyna bütin dünýäniň sport janköýerleri uly höwes bilen garaşýarlar. Şonuň üçin şäherçede türgenler we tomaşaçylara amatly bolar ýaly ähli zerur üpjünçilik desgalary döredilýär. Olaryň hataryna türgenler üçin gurulýan dürli görnüşli ýaşaýyş toplumlaryny, ilat köpçüligi üçin bina edilýän medeni-durmuş we söwda merkezlerini, restoranlary, kafeleri, dükanlary, durmuş hyzmatly kärhanalaryny görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen ylalaşylyp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň bir näçe görnüşi girizilipdi. Türkmen Lideriniň türgenleri bu Oýunlara has giňden çekmek maksady bilen, şol sanawa sportuň atçylyk sportuny, ýagny konkury görnüşini we milli göreşini hem goşmagy teklip etmegi çuňňur mana eýedir. Munuň özi türkmen halkynyň milli ýörelgelerine esaslanýýan bu ugruň dünýä möçberinde ýaýbaňlanmagyny üpjün eder. Bis söz bilen aýdylanda, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziada Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordeniniň eýesi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezindedir. Bu iri möçberli sport çäresiniň geçirilmegi halkara sport dünýäsiniň abraýynyň ýokarlanmagy nukdaýnazaryndan hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir