Dünýä set-müňlerçe ýol damarlary bilen gurşalan. Ýer şarynyň daşyna gatbar-gatbar gatlanan altyn sapagy ýada salýan ýollaryň ynsan ýaşaýşynda ähmiýeti diýseň uly. Ýollar maksady myrada ýetirýär. Ýollar ili-ile, ýurdy- ýurda gowşurýar. Ýurtlaryň we halklaryň arasynda gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň we beýik ösüşiň ýaýbaňlanmagyna şert döredýär. Şonuň üçin-de bu ugurda özara bähbitlere, şeýle hem sebit we halkara möçberinde abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän bilelikdäki iri düzüm taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri hökmünde ýaýbaňlandy. Şeýle taslamalaryň hatarynda Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýol şahasy aýratyn orna eýedir. 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda badalga berilmegi bilen bu demir ýolunyň gurluşygyna Türkmenistan, Gazagystan we Eýran tarapyndan ýokary derjede gatnaşyldy. XX asyryň bu uly halkara ýol taslamasy ýurtlary we halklary birleşdirýän, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmäge we herekete girizmäge gönükdirilen deňsiz-taýsyz başlangyç hökmünde halkara derejede giňden goldanyldy. Türkmenistanyň Ýewraziýa giňişliginiň ulag geçelgeleriniň möhüm strategik çatrygy bolup durýandygy bellidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden: ,,Sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň döredilmegi sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, şonuň bilen birlikde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşe ýardam eder’’ diýip, ynamly aýdypdy. Munuň özi Türkmenistanyň milli Lideriniň ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çuňňur aladasydyr. Dost-doganlyga, özara jebislige ýugrulan tagallalar birleşende, ol özüniň aýdyň miwesini berýär. Bary-ýogy ýedi ýyl wagtyň içinde amal edilen Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transkontinental demir ýoly bütindünýä demir ýolunyň taryhynda taryhy waka boldy. 3-nji dekabrda Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Etrek etrrabyndaky ,,Akýaýla’’ demir ýol menzilinde bu halkara demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Şunlukda, bu ulag geçelgesinde müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymyndaky halklary baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dötermek baradaky başlangyç öz beýanyny tapdy. Geliň ilki bilen asyryň ägirt uly desgasy bolan transkontinental demir ýolunyň ýer düşeginde ýaýylýan giňişligi bilen tanyş bolalyň. Gazagystanyň ak sähralaryndan Garagum çölüniň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky daglyk Gülüstan welaýatyna çenli uzap gidýän bu polat ýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre deňdir. Täze ýoluň Gazagystanyň çäklerinden geçýän bölegi 146 kilometrdir. Polat ýoluň bu bölegi Gazagystanyň Mangustau oblastyndaky Uzen bekedinden Türkmenistan bilen serhetdäki Bolaşak bekedine çenli uzap gidýär. Polat ýoluň iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýär. Onuň uzynlygy gapdal şahalary bilen bilelikde 825 kilometrdir. Türkmen demirýolçulary Bereket demir ýol bekedinden başlap, Gyzylgaýanyň üstünden Gazagystan bilen Döwlet serhedine çenli 500 kilometr ýoly gysga möhletiň içinde gurdular. Emele gelen täze demir ýoly enjamlaşdyrmak we abadanlaşdyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirilip, ýoluň ugrunda inženerçilik desgalary, demir ýol menzilleri, depolar, beketler we duralgalar döredildi. Dabaraly çärede halkara demir ýolunyň günorta şahasy – Bereket şäherinden Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde ýerleşýän Etrek etrabynyň merkezine çenli bölegi işe girizildi. Bu bölegiň uzynlygy hakda aýdylanda, ol gapdal şahalary bilen bilelikde 325 kilometrden hem geçýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň umumadamzat bähbidini nazarlaýan ähmiýeti diýseň uludyr. Ol Gazagystanyň we Türkmenistanyň Aziýanyň bazarlaryna çykmagyna täze mümkinçilikleri açar. Demir ýoluň Eýran çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen bolsa, Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta – Gündogar Aziýa ugry boýunça harytlaryň iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik döreder. Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdiirilen agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň uzak möhlete gönükdirilen strategiýasyna doly laýyk gelýän Gazagystan – Türkmenistan – Eýran transkontinental demir ýolunyň sebitdäki we onuň çäklerinden daşardaky umumy ýagdaýa örän oňyn täsir etmäge ukyply düýpli geosyýasy mümkinçiligi döretjekdigini ynam bilen aýtsa bolar.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir