2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 08-ne, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan «Bereket-Etrek» stansiýalarynyň arasynda täze 608/609 belgili ýolagçy otlusynyň hereketi ýola goýuldy. Bu ýolagçy otlusynyň düzümi 2 sany plaskart (jemi 122 sany orun), 1 sany dizel wagonyndan ybarat bolup, günaşa gatnawy amala aşyrar. Ýagny, günaşa «Bereket» stansiýasyndan sagat 04:30-da ugrap, şol güni sagat 10:30-da «Etrek» stansiýasyna barmaklygy, şeýle-de «Etrek» stansiýasyndan şol güni sagat 15:00-da yzyna ugrap, sagat 21:00-da «Bereket» stansiýasyna gelmekligi meýilleşdirilýär. Bu otly barlag üçin (probnyý wariant) 2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 08-ne, 04:30-da «Bereket» stansiýasyndan «Etrek» stansiýasyna ugradyldy. Bu ugurda 1 plaskart ýeri üçin 6,05 manat (kupe wagony otly düzümine goşulanda 1 kupe ýeri üçin 11,45 manat) kesgitlenen.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir