Paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýanyň 17 ýurdunyň Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-ä gatnamagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Dabaraly çäre “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi. Ähtnama Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabah we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçell gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzalary bolan 45 sany Milli Olimpiýa komitetiinden daşary 2017-nji ýylda ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna Okeaniýa döwletleriniň 17 milli Olimpiýa komitetleri hem gatnaşar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 19 görnüşi girizildi. Ähtnama gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol sanawa sportuň ýene-de 2 görnüşini – atçylyk sportuny (konkury) we türkmen milli göreşini hem goşmagy teklip etdi.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir