Salam eje jan! Bu gün saňa hat ýazaýyn diýip galam-kagyza ýapyşdym. Esli salym saňa, mähribanyma, näme ýazsamkam diýip oýlanyp oturdym. Eje jan! Seniň maňa bolan mähir-muhabbetiň, ömür bossanymyň güneşi. Seniň, meniň başymda oturan gijeleriň, diňe seniň gijeleriňdi, eje. Men heniz gundakly bäbekkäm, sen meniň bilen gürleşýärdiň, eje. Özümiň köňül dünýäme ser salsam, ähli ýerde seniň eken gülleriňi görýän. Gaharyňy getiren mahallarym dözmeseň hem, ýüregiň para-para bolsa-da maňa käýýän bolardyň. Men garagol bolsa, eýderdim-beýderdim, ýene baryp özümi seniň mährem gujagyňa oklardym. Kakam temmi berjek bolsa, sen meniň gorag galamdyň. “Degmesene, kakasy. Indi gaýdyp gaýtalamaz-la” diýip, meniň tarapyňy tutardyň. Seniň ýüregiňden syzylyp çykan şol sözleriň hatyrasyna men ýaramaz endiklerimiň hem köpüsinden saplanypdym. Ýadyňa düşýän bolsa men Begençleriň bir zadyny ogurlapdym. Kakam maňa mazaly temmi berdi. Uzynly gije burçda duruzdy. Sen şonda: “ Ejeň-kakaň mugallym. Il-gün näme diýer? Bular öz ogullaryny terbiýeläp bilmeýän hallaryna iliň çagasyny okadan bolup ýörler diýerler, oglum. Men senden bular ýaly zada garaşmaýardym- diýipdiň. Henizler hem şol aýdan sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur. Men onsaň kakamdan gorkyma däl-de, diňe seniň şol sözleriňi hatyrasyna, şondan soň hiç haçan ogrulyk etmedim… Aradan aý aýlanyp, ýyllar geçdi. Maňa bolsa Altyn zamanada talyp bolmak nesip etdi. Men indi ýaňy durmuşyň nämedigine göz ýetirip ugradym.Ýagşy bilen ýamany, ak bilen garany seljermegi, köçä tüýkirmeli däldigimi sen öwredipdiň maňa. “Hemme ýerde perişdeler bar, sen nädip olaryň üstüne tüýkirip biljek” diýipdiň. Edep-ekramy senden öwrendim. Edilen ýagşylyk üçin ilden zat hantama bolmaly däldigimi senden öwrendim. Ikimiz bileje oturyp, heziller edip kitap okardyk. Sen söýdürdiň maňa kitap okamagy. Sen maňa diňe kitap okamagy däl-de, ähli janly-jandarlary, gül-gunçaly ene-topragy… söýmegi-de öwredipdiň. Seniň päkize kalbyňdy meni şu günlere getiren… Talypyň ýatlamalary

Köneler, Amantalyp tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir