Dünýä ykdysady giňişligine birleşmegiň häzirki zaman ýagdaýy Türkmenistanyň karz-pul bazarynyň ösüşine uly itergi berdi we milli hasaplaşyk töleg işini amala aşyrmagyň usullaryna uly täsir etdi. Kart önümleriniň ornaşdyrylmagy bazar subýektleriniň pul akymynyň hereketini kämilleşdirmeklige ýardam edýän ýagdaýyň iň bir progressiw esasyny düzýär. Bank tarapyndan bu esasy mesele 2007-2010-njy ýyllarda doly suratda durmuşa geçirildi. “Altyn Asyr” milli töleg kart ulgamynyň çäklerinde nagt däl hasaplaşyklary höweslendirmek we ösdürmek maksady bilen, “HalkBankyň” düzüminde Türkmenistanyň ähli karz pul edaralarynyň kart hyzmat ediş ulgamyny birleşdirýän, Türkmenistanda ýeke-täk bankara prossesing merkezi döredildi. Bankyň düzüminde bolup geçen şeýle özgertmeler “Halkbanka”, Türkmenistanyň beýleki banklary bilen deňeşdirilende, tehnologik we funksional taýdan käbir artykmaçlyklary berdi. Bank kartlarynda hyzmatlaryň standart görnüşleri teklip edilip, onda elektron gapjyk wezipesi jemlenendir, bu bolsa nagt pul serişdelerini howpsyz ulanmakda, şeýle hem, ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegleri geçirmekde has amatlydyr. Ulgamyň haýsy-da bolsa bir gatnaşyjy banky tarapyndan emitirlenen “Altyn Asyr” bank kartlary birmeňzeş statusa eýe bolup, olar tölegleriň aragatnaşyk serişdelerine erk edýän islendik bank ýa-da söwda-hyzmat kärhanasy tarapyndan toplumlaýyn hyzmat etmeklige degişli edilýär. Kartlar boýunça hasaplaşyk işleriniň ählisi banklar-ekwaýrerler tarapyndan ýygym tölegleri tutulmazdan amala aşyryldy. “Altyn Asyr” bank kartlarynyň amallar segmentiniň umumy düzüminde bank hyzmatlarynyň sanyny artdyrmak bilen, Türkmenistanyň “HalkBank” DTB-y 2010-njy ýylda aşakdakylary göz öňünde tutýan birnäçe möhüm çäreleri durmuşa geçirdi, ýagny: 1. 6 sany bankomat we 23 sany terminal bilen enjamlaşdyrlan goşmaça hyzmat ediji merkezleri açmagyň hasabyna ulgamyň hasaplaşyk setiniň tehniki infastrukturasynyň giňeldilmegi; 2. 1200-den gowrak bank kartlarynyň ýaýradylmagy; 3. Umumy bahasy 63 mln. manatdan gowrak bolan 312 müň tranzaksiýa amallarynyň geçirilmegi; 4. Kartlaryň eýeleriniň ipoteka bergileri boýunça töleglerini tölemekligine täze elektron hyzmatlarynyň girizilmegi bilen, kartlaryň ýerine ýetirýän wezipeleriniň artdyrylmagy.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir