Adamzadyň durmuşynda saglyga taý geljek zat ýokdur. Jany sagyň gaýgy-gamy bolmaz. Türkmenleriň dürdäne ajaýyp kesgitlemeleri bar. “Sakasy saglyk”, “Saglyk bolsa, beglik bolar”, “Jany sagyň gamy bolmaz”, “Il saglygy, Ýurt baýlygy”... Akyldar atamyz Magtymgulyda şeýle setirler bar: Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun, Hastalyk şüküriňi kylgyl, täki gelmezden burun, Düz ýerniň gadryn bilgil, derýaga dolmazdan burun, Gämide hüşgär oturgyn, girdaba gelmezden burun, Ýaşlygyň gadryn bilgil, tä ulalmazdan burun. Beýik akyldaryň dana sözleri biziň üçin ýolçy ýyldyzdyr, gitmeli, ýöremeli ýolumyzy salgy berip, oňa ýetmäň tärini görkezýändir. Saglyk ýaly zat ýok. Ol hemme kişä, hemme döwürde gere. Ony pederlerimizem arzuw edipdir, biz Berkararlyk döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň hoş gylow adamlaram hemişe isleýäris. Öň saglygy gazanmak, abat saklamak hillalla bolan bolsa, “plan ýerde bir tebip bar” diýip, ýurt aşylyp gidilen bolsa, bu gün Garaşsyz watanymyzyň bagtyýar adamlaryýol söküp ýörmeli däl. Ülkämiziň her künjeginde saglyk öýleri, her ugurdan hassahanalar, dünýäniň ösen ýurtlaryndaky gurulanşpahanalar ýaly bejeriş we dynç alyş zolaklary bar. “Döwlet adam üçindir” diýen düşünje hut biziň ýurdumyz üçin dörändir. Gözel ülkämizde adamyň gadry belent tutulýar. Ajajp-ajap saglyk öýleri, her taraply bejeriş ugurlary bolan hassahanalar, ýörüteleşdirilip gurulan ylmy-barlaghanaly klinikalar, ajaýyp sport desgalary Türkmen raýatlarynyň hyzmatynda. Golaýda häzirki döwriň ösen talaplaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulan Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahana, Aşgabat şäherinde hem-de Balkan, Daşogyz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulan Agýrygoýulmasyz tiz kömek merkezleri açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem paýtagtymyzda Tejribe önümçilik we iýmit merkeziniň, 120 orunlyk Newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň hem-de Aýratyn howply ýokanç keselleriniň düýbi tutuldy. Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzda iö döwrebap saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini, şpahana edaralarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek, saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerim işler alnyp barylýar. Sähel wagtyň içinde saglygy goramak boýunça görülen çäreleriň sany artyp, olar döwürdeşlerimiziň hyzmatyna berildi. Hazaryň ekelogiýa tarapdan arassa kenarynda “Awaza” milli siýahatçylyk zolagynda gurlup, ulanmaga berlen sagaldyş-dynç alyş toplumlarynyň hem-de dünýä derejesine laýyk gelýän myhmanhanalaryň onlarçasy guruldy. Olar türkmen raýatlarynyň göwnüni awlan “Arçman”, “Mollagara”, “Ýylysuw” ýaly şpahanalaryň üstüni ýetirdi. Paýtagtymyzda gurlan, kämil lukmançylykly enjamlary we beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahana barada aýdanyňda, ol ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, şeýle hem keseli öz wagtynda ýüze çykaryp, ýokary hilli bejermäge mümkünçilik berer. Bu täze hassahananyň bölümleri, anyklaýyş hem-de kesel bejeriş otaglary Germaniýanyň, Italiýanyň, Awstraliýanyň, Belgiýanyň we dünýäniň beýleki ösen döwletleriniň lukmançylyk we saglygy goraýyş maksatly enjamlary, zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilipdir. Onda çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň ýürek keselini ýokary derejede bejermek üçin ähli şertler döredilipdir. “Gaýrygoýulmasyz tiz kömek” merkezleri bolsa, diňe bir ýarowsyzlygyň ýüze çykan ýerinde, ýa bolmasa, öýde däl-de, eýsem, ýatymlaýyn şertlerde hem bejeriş anyklaýyş işlerini amala aşyryp biler. Ykjam we göçme enjamlaryň kömegi bilen keseli takyk anyklap, näsagy bejererler. Näsaglara täze enjamlaryň kömegi bilen öz wagtynda ilkinji wee düýpli lukmançylyk kömegi berile. Olaryň ýene bir aýratynlygy “Tiz kömegi” lukmançylyk enjamlarybilen üpjün edilen dikuçarlaryň hyzmatyndan peýdalanmaga mümkünçilikleriniň bolmagydyr. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde zyýanly endiklere garşy göreşmek aýratyn orun eýeleýär. Biziň ýurdumyzda “Il saglygy, ýurt baýlygy” hasaplanýar we döwlet adam üçin hyzmat edip, onuň saglygynyň sakasynda durýar. Beýle alada hiç bir ýurtda-da biziňki ýaly derejede edilýändäldir. Onuň üçin döwletimize gaty minnetdardyrys. H.Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir