Çepbekeýiň çemi bolmaz, eden işiniň kemi bolmaz. (türkmen nakyly) Geçirilen barlaglar netijesinde, beýleki adamlara garanyňda çepbekeýleriň has zehinliligi ýüze çykaryldy. 13-nji awgust Bütindünýä çepbekeýleriň günüdir. Bu baýram 1992-nji ýyldan bäri bellenilýär. Dogulmaly wagtyndan biraz öňräk ýa-da soňrak doglanlaryň çepbekeý bolmak ähtimallygy bar. Dünýädäki adamlaryň diňe bir göterimi iki eline-de deň erk edip bilýärler. Meşhur çepbekeýleriň içinde Bill Geýts, Eýnşteýn, Nýuton, Lew Tolstoý, Aleksandr Sergeýewiç Puşkin, Aleksandr Makedonskiý, Napoleon, Çarli Çaplin, Leonardo da Winçi, Mikelanjelo, Ŷuliý Sezar, Mosart, Bethowen, Mark Twen, Gýote, Bred Pit, Anjelina Joli, Brýus Uilliss….bar. Statistikanyň berýän maglumatlaryna görä, dünýäde çepbekeýleriň sany gün-günden artýar. Häzirki wagt dünýäde 500 million çepbekeý bar. Olaryň köpüsi günorta ýarym şarda ýaşaýar. Alymlaryň anyklamagyna görä, haýwanlaryň içinde hem çepbekeýleri duşýar. Esasan ak aýylar çepbekeýdirler. Maýmynlaryň bolsa üçden iki bölegi diýen ýaly çepbekeýdir.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir