Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň täze oýnuna tomaşa edeniňden soň, göwnüm göterilip, elime galam aldym. Täze oýun taryhy temadan bolsa-da, şu güniň adamlary barada gürrüň berilýän ýaly bolup duýulýär. Ynsan hakydasy käte-käte örän wajypzatlary ýatlaýar. Täze oýunam Tejen derýanyň aýagynda ýerleşen bir gürbaglyk obada bolup geçen wakany şu günüň adamlarynyň ykbaly bilen sepleşdirýär. Oba mugallymy Berdimuhammet Annaýew il-güniň sylaýan, hormatlaýan adamsy. Ol köpiň göwnüni görüp, ýaşlara tälim berýär. Edep-ekram öwredip, akylly bolmaga çagyrýar. Urşyň turmagy bilen ol öz işini tamamlap, söweşe gitmek üçin telim gezek arza berýär. Kolhoz başlygynyň “Seniö üçin boüun aldyk, Sen şu ýere gerek. Mekdebi ýapyp bolmaz, çagalara bilim bermeli” diýip duranyna garamazdan ol fronta gidýär. Özem, mertlerçe söweşýär. Maşgalanyň ykbalyny bolsa, ogly Mälikgula tabşyrýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň romany boýunça sahnalaşdyrylan spektakly tomaşaçylary tolgundyryp, erkine goýmän, pederlerini ýatladýar. Berdimuhamediň Mälikgula: “Maşgala sen seretmelisiň, ejeňe pena bol, medetkär bol” diýen tabşyrygy ýaş oglany ulalan ýaly, ýaşulylaryň deňine ýeten ýaly derejede, özüni alyp barmaga ukyplanýar. Mälikguly kakasyndan görelde alan çaga. Ol, hut, kakasy Berdimuhamet Annaýew ýaly iliň aladsyny edýän, adalatlygy goraýan, ýüregi ýanyp duranlara hossar çykýän ýigit bolup ýetişýär. Iki ýaş juwanyň söýgüsine guwanýar. Olaryň gynanjynangynanyp, begenjine begenýär. Şol ýyllaryň açlygyna döz gelip bilmän bir gysym dänäni düwünçege düwüp goltugyna atan, soňra şum ykbala sataşan naçaryň agysyna aglaýar. Bir söz bilen aýdanyňda kakasynyň yzyna eýerip, eliň goltugyndan göterýän ynsan bolup ýetişýär. Berdimuhamet oňa ýöne ýerden Döwlet guşum diýenok. Mälikguly maşgalanyň döwletini, abraýyny dökmän saklaýar. Ejesini, jigilerini goldaýär, olara ynsanperwerlik öwredýär. Berdimuhämediň döwlet guşy bolan Mälikguly indi ýaşulylaryň maslahatyna goşulyp, ýetim-ýesire howandar çykýär. Ol atasynyň hoş gylyklaryny özüne siňdirip, ynsan kalbynyň goragynda bolýär. Beýik rus ýäzyjysy Aleksandr Puşkynyň ajaýyp aýdan sözi bar. Eserdäki adam ykbaly, halkyň ykbalyndan daşa gitmeli däl. Adam ykbaly-halkyň ykbalyny beýän etmeli. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gurbanguly Berdimuhamedow öz ajaýyp eserinde şol kesgitlemä doly we dogry düşünipdir. Öz pederleriniň ykbaly bilen bütün halkyň-türkmen halkynyň ykbalyny görkezýär. Uruş ýyllarynyň açlygyny, horlugyny, käbir göterimleriňbolgusyz hereketlerini, ile-güne edýän zulumlygyny, görkezýän sütümini diýseň çeper beýän edipdir. Oýny goýän režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşirow awtoryň diýjek bolan pikirine dogry düşünip, eseriň ajaýyplygyny sahna çykarmagy başarypdyr. Biz öň bu režisseryň ençeme oýnuna tomaşa edipdik. Ýokary çeperçilikli “Däli Domrulyna”, “Oguz oýnuna”, “Sen söýseň meni” ýaly şowly çykan eserlerine guwanypdy. Bu eserde Kakajan Aşyrow uly iş bitiripdir, awtoryň-Hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininde ussatlyk bilen toplanan wakalary, keşpleri şol ajaýyplyklygy beýan etmägi başarydyr. Sahnany bezän hudožnigiň režissor bilen ysnyşykly işländigi, onuň tapan çözgüdini ösdürendigi, saz bilen bezäniň döwre görä, wakalara görä saz tapmagy, şeýdip režissoryň pikirini goldamagyna gelýär. Uruş ýyllarynyň aç, hor adamlarynyň ýürek urgusyny, döwrüň ýykylyp-ýumrulmasyny atanak agaçlaryň elenip durmagy bilen bermegi bagşynyň aýdymlarynyň birde joşup, birde kesilip duran owazynyň üsti bilen režissordyr beýleki iş bitiren sahna işgärleri awtoryň pikirine dogry düşünip, döwriň wakalaryna ynandyryjy beýan etmegi başarypdyrlar. Türkmenistanyň halk artistleri Muhammet Bekiýewiň, Çary Berdiýewiň, Muhammetguly kasymowyňussatlygyndan tälim alýan ýaş zehinler hem bu oýunda öz işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşýärler. Täze oýunda artyk-süýşik zat ýok. Her bir sahna, her bir keşp çeperçilik bilen sünnälenilipdir. “Ýumruk ýaly” ýagajyklaram öz “rollaryny” ynandyryjygörkezýärler. Hemmesiniň jemlenmegi bilen Hormatly Prezidentimiziň saýlap alan wakalary, diýjek bolan pikiriçeper beýan edilýär. Ata arzuwyny amala aşyran agtygyň bu ajaýyp, tolgundyryjy işi tomaşaça uly täsir edýär. Göz ýaşyny sykyp oturanlary, jaýdar aýdylan jümlelere düşünip çapak çalýanlary göreniňde täze oýnuň jüpüne düşendigine ynanýarsyň. Halkyň aladasy bilen gumra Ýurtbaştutanymyz öz romanynda diňe bir öz ata-babasyny ýatlanok, ol bütin türkmen halkynyň wekillerini, ötüp-geçen pederlerimizi ýatlaýar. Olaryň gahrymançylygynyň üsti bilen öz halkynyň taryhda yz galdyran şahslarynyň öçmejekkeşplerini wasp edýär. Teatr bolsa, waspnamanyile ýaýýar, onuň çeper beýanyna guwanyp, hakykady ýatladyp duran hakydany tomaşaça hödürleýär. Bu iş örän döwletli we sogap iş. H. Bäşimow Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir