Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýâ çempionatynyñ ikinji güni hem özüniñ çekeleşikliligi, dartgynlylygy, şowhuny bilen sport janköýerleriniñ ünsüni özüne çekdi. Bu gün guşakly göreşiñ nusgawy usuly boýunça zenanlaryñ we erkekleriñ arasynda dürli agramdaky bâsleşikler geçirildi. Zenanlaryñ arasynda 58 kg agram derejesinde gyrgyzystanly Abdykadyrowa Elza bilen ildeşimiz Zarina Abdyrahmanowa, kümüş medala russiýa federasiýasyndan Wiktoriýa Marikeýewa, altyn medala hem-de birinji orna ildeşimiz Zöhre Madreýimowa mynasyp boldy. Zenanlaryñ arasynda iñ ýokary agram derejesinde Şirin Kubaýewa we ukrainadan Zarena Kurtasmanowa 3-nji orny eýelediler. 2-nji orna gazagystanly Amantaýewa Gülnar, 1-nji orny bolsa russiýaly Tatýana Zarianowa eýeledi. 76 kg agramda bürünç medala ildeşlerimiz Nasiba Surkiýewa bilen Dinara Hallyýewa, kümüş medala ukrainadan Iwanna Makuba, altyn medala bolsa russiýa federasiýasyndan Albina Sambiýewa eýeleýâr.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir