Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça XII dünýä çempionatynyň birinji gününiň tutlyşyklary tamamlandy we ýeňijiler belli edildi. Biziň türgenlerimiz üçin bu gün diýseň şowly boldy. Bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet Senasy ençeme gezek ýaňlandy. Deslapky tapgyryň netijesinde erkin usul boýunça pälwanlar saýlanyp final tapgyryna çykdylar. Final tapgyrynyň netijesinde ýeňiji bolan türgeler 2014-nji ýylyň dünýä çempiony adyna eýe bolmagy başardylar. Zenanlaryň arasynda 52 kilogram agram derejesinde 1-nji orna Gülbadam Babamyradowa mynasyp boldy. Gülbadam final tapgyrda ildeşimiz 2-nji orny eýelän Laçyn Badaglyýewadan üstün çykmagy başardy. Bu bäsleşikde eminler tarapyndan Badaglyýewa haýal göreşenligi üçin hem-de guşakdan elini göýberenligi üçin bellik edilýär. Netijede oýnuň 1-nji minudynyň 26-njy sekundynda Babamyradowa arassa ýeňiş gazanýar. 3-nji orny bolsa gazagystan döwletinden Duşembaýewa Botagoz gazandy. Zenanlaryň arasynda 66 kilogram agramda Gülnar Haýtbaýewa bäş utuk bilen öňe saýlanyp 1-nji orny eýelemegi başardy. Gülnar ilki başda garşydaşyndan yzda bolsada ol bu pursady öz peýdasyna öwürmegi başardy. 2-nji orna ildeşimiz Rano Uzakowa, 3-nji orna hem bürünç medala russiýaly Gatsaniýewa Marina hem-de gazagystandan Sabira Myrzagaliýewa mynasyp boldular. 62 kilogram agram derejesinde iki ildeimiz finala çykdylar. Aýazowyň bu ugurda tejribesi ýetik bolup ençeme halkara ýaryşlaryna, uniwersiýada gatnaşan ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolmagy başaran türgenleriň hatarynda orny bar. Netijede 1 minut 60 sekuntda oýun tamamlanyp Aýazow Tirkeşgeldi birinji orna mynasyp bolup altyn medal eýeleýär. Ikinji orna Begenç Ýagmyrow, 3-nji orna bolsa gyrgyzystanly Dastanulu Islam hem-de ýene bir bürünç medala russiýa federasiýasyndan Gabdyzhalil Süleýmanow dagylar mynasyp bolmagy başardylar. 68 kilogramda özbegistanly Husnutdin Ruziýew bary ýogy 16 sekunt wagtda ýeňiş gazanyp 1-nji orna mynasyp bolup öz ýeňşini akrobatiki hereketleri bilen gutlaýar. 2-nji orny gyrgyz türgeni Sadybekow Ziýamidin eýeleýär. 3-nji orny ukrainadan Kadyrow Izet hem-de ildeşimiz Mekan Berdiýew eýelediler. 75 kilogram agram derejesinde moldawiýaly Igor Beşlýaga bilen ildeşimiz Garmämmet Şamämmedow altyn medal ugrunda tutluşdylar. Çekeleşikli bäsleşikde ildeşimiz asgyn gelip 2-nji orun bilen tamamlamaly boldy emma bu hem ýokary netije. 3-nji ýere ildeşimiz Pirguly Gurbandurdyýew şeýle hem russiýaly Azamat Totorkulow dagylar eýelediler. 82 kilogram agramda 3-nji orny Gylyç Jumaýew hem-de gruziýaly pälwan Eldari Meshishili eýelediler. 2-nji orna hem kümüş medala Annageldi Allakow mynasyp boldy. Çempionatyň altyn medalyna hem 1-nji orna özbegistandan Obidali Mawlonow mynasyp boldy. 90 kilogram agram derejesinde 3-nji orny eýelän russiýa federasiýasyndan Ildar Bilýaletdinow bilen özbegistanly Nozimjon Ibrohimjonow boldy. 2-nji orny gazagystandan Aýdos Kulmanbetow, çempionlyk ady 1-nji orun şeýle hem altyn medala ildeşimiz Seýdi Batyrow mynasyp bolmagy başardy. 100 kg agram derejesinden ýokary bolan pälwanlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikler özboluşlulygy bilen tapawutlandy. Netijede bürünç medala Döwran Bekmyradow hem-de Myrat Jumaýew 2-nji orun Latwiýadan Igors Kostins 1-nji orun Rüstem Arslanow çempion bolmagy başardy.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir