Sen halkymyň guwanjy hem daýanjy, Adyň dünýä dolan,beýik Pyragy. Türkmen ilimiň sen bolduň ynanjy, Waspyň dilde galan,beýik Pyragy. Her bir sözüň şahyrlara ýörelge, Şygyrýetde orun tutduň,beýgeldiň Beýik nesil senden alyp görelde, Nesihaty senden alýas Pyragy. Şygyr söýgüsinden doly gursagym, Umytlaryma umyt goşan şygryň “Watan” diýip joş urýandyr ýüregim, Söýgi bilen geljege barýas Pyragy. Edebiýaty giň manyly ösdüren Şahyrlarda uly ynam döreden Seň ömrüňe hormat sylag eden Arkadagymyz bar,beýik Pyragy.