Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany mundan beýläk-de milletler bileleşiginiň ählumumy giňişligine goşmagy ugur edinýän syýasaty, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde türkmen halkynyň gaýtalanmajak medeni mirasyny hemmetaraplaýyn ulanmak üçin-de giň mümkinçilikler açýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda taryhy medeni ýadygärlikleri,gadymy maddy medeniýetimizi has çuňňur öwrenmek, gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek boýunça ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýan işler dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni barha özüne çekýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen arheologlary halkara we milli arheologiýa toparlarynyň düzüminde Mary welaýatyndaky Goňurdepe, Ajyguýy we Uly Gyzgala, Ahal welaýatyndaky Ýylgynlydepe, Monjukly, Köne Nusaý, Guýruklydepe, Topazdepe we Daşlydepe, Balkan welaýatyndaky Maşat-Misserian, şeýle hem Daşoguz welaýatyndaky Köneürgenç hem-de Lebap welaýatyndaky Daýahatyn ýaly belli taryhy ýadygärliklerimiz gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. Şol barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylýan tapyndylar türkmen halkynyň ata-babalarynyň gadymy maddy medeniýetiniň aýdyň subutnamalary bolup, ýurdumyzyň muzeýleriniň gymmatlyklarynyň üstüni ýetirýär. Şeýlelikde, eneolit eýýamyna (mis-daş asyryna) degişli täsin galdyrýan ýadygärlik hasaplanýan Ýylgynlydepede ylmy barlaglaryny alyp barýan bilelikdäki türkmen-rus arheologik toparynyň täsin galdyrýan şu gezekki tapyndylary dünýä möçberindäki açyşa öwrüldi. Bu ýadygärlik Ahal welaýatyndaky “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäginde ýerleşýär. Şu ýerde ilkinji gezek türkmen halkynyň gadymy nebereleriniň maddy medeniýetiniň täsin toplumy – toýundan ownuk heýkelleri işläp taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen ussahana ýüze çykaryldy, şol ussahana bu ýerde 7 müň ýyla golaý mundan ozal ýerleşipdir. Arheologik topar 10 ýyldan gowrak wagtlap işleýär we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy boýunça institutynyň bilelikdäki taslamasy bolup durýar. Russiýaly belli arheolog Natalýa Solowýewa TDH-nyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan mahalynda, Ýylgynlydepäniň Gadymy Gündogaryň biziň eýýamymyzdan öňki V-IV müňýyllyklara degişli wajyp medeni merkezleriniň biri bolandygyny belledi. Onuň pikirine görä, 2014-nji ýylyň güýzki möwsümindäki gazuw –agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan täze materiallaryň dünýädäki ilkinji ekerançylygyň eýýamy, olaryň Orta Aziýadaky we Ýakyn Gündogardaky maddy, durmuş ulgamy we ruhy dünýäsi baradaky häzirki düşünjeleri ep-esli derejede özgerder. Munuň özi oturymly ýerde köp ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy barlaglaryň netijesi bolup durýar, şol barlaglaryň barşynda Günorta Türkmenistanyň eneolit eýýamyndaky ekerançylyk obşinasynyň medeniýetini häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýän gymmatly maglumatlar toplandy. Bu desganyň toplumynda ussahana, önümleri guratmak üçin niýetlenen gap, ýasalan zatlary bişirmek üçin küreli otag we ussahananyň girelgesiniň öňündäki uly howly bar, şonuň ortasynda bolsa pes gurluş bolup, ussalar şonuň başynda işläpdirler. Jaýyň demirgazyk-gündogar burçy toýuny ýerleşdirmek üçin niýetlenipdir, şol toýundan bolsa heýkeljikler ýasalypdyr. Ussahananyň günbatar diwaryna birikdirilip, kerpiçden edilen, gönüburçly, gömlüp ýokarsyna çenli kül guýlan gap ýerleşdirilipdir, bu gap taýýar önümleri guratmak üçin ulanylypdyr. Ýasalan zatlary bişirmek üçin küresi bolan otag oňat saklanyp galypdyr. Onuň ýerligi we diwarlary gara reňk bilen reňklenipdir. Beýik bosagaly gapy boşlugy aýlanýan gabsa bilen ýapylypdyr. Otagyň girelgesiniň çep tarapky diwaryna jandarlary we adamlary şekillendirýän heýkeljikleri bişirmek üçin ýörite küre gurnalypdyr. Ol bir metr töweregi beýiklik görnüşinde saklanypdyr. Otagyň demirgazyk burçunda sygymlylygy 100 litr töweregi bolan, nagyşly ýazgylar çekilen hum küýze gapdallygyna goýlupdyr. Oňa küreden çykarylan küli salypdyrlar (mälim bolşy ýaly, gadymy halklar küli we umuman, ot bilen baglanyşykly zatlary keramatly hasaplapdyrlar). Hum küýzäniň we togalak gabyň aralygynda gara reňk çalnan iki sany togalak syrçaly sütüniň galyndylary saklanypdyr. Otagyň ortarasynda aýakly inedördül palçyk stoljyk goýlupdyr. Ýokarda agzalan gadymy ýadygärlik toplumynyň ýüze çykarylmagy diňe bir Ýakyn Gündogar we dünýä ilkidurmuşyna degişli arheologiýasynda haýran galdyryjy waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, örän gadymy jemgyýetiň durmuş düzümine taryhçylaryň garaýyşlaryny üýtgetmeklerine alyp barar. Sebäbi indi bilelikde ýaşaýan adamlaryň ählisi üçin ýörite önümçiligiň guralandygyny tassyklamaga esas bar – şeýle gadymy döwürlerde zähmet paýlanyşygy we senetkärçilik bolupdyr. Žurnalistlere “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghananyň direktory Ahmet Halmyradowyň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda sowuk düşmegi hem-de ýygy-ýygydan ýagyn ýagmagy bilen baglylykda, Ýylgynlydepede gazuw-agtaryş işleri geçirilen ýer 2015-nji ýyldaky işlere çenli ygtybarly derejede üsti örtülip goýuldy. Tapyndylaryň ählisi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine hemişelik saklamak üçin berildi, bu ýerde eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Ýylgynlydepäniň gadymy senetkärleriniň döreden eserleri aýratyn bölümde saklanýar we mundan ýedi müň ýyla golaý ozal ýaşap geçen gadymy türkmenleriň döreden täsin zatlaryny görmäge mümkinçilik berýär.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir