Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulgamy hem uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdumuhammedow başlangyjy bilen üstünlikli amala aşyrylýan “Demirgazyk-Günorta” transmilli halkara demir ýolunyň gurluşygy hem ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň kepilidir. “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň Gazagystanyň çägindäki üstaşyr geçelgeleriň biri bolan “Bolaşak” demir ýol menzilinde 2013-nji yylыň maý aýynda başlanan dabaralar güneşli türkmen topragynda giňden ýaýbaňlanan şowhunly çäreler bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” çäklerinde kabul edilen “Türkmenistanyň demir ýol ulgamlary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda durmuşa geçirilen we geçirilýän işler halkymyzy buýsandyrýar. Çünki täze polat ýollary gurmakda ýeterlik tejribe toplan türkmen demirýolçylar bu gün ýene-de bir demir ýol şahasynyň Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara ulag geçelgesiniň Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka böleginiň gurluşygyny üstünlikli tamamladylar. “Türkmenistan-Gazagystan-Eýran ” demir ýoly, onuň Serhetýakadan Berekede çenli salnan bölegi bu gün biziň milli buýsanjymyzdyr ýurdumyzda geçirilýän syýasatlаryň ägirt uly ýeňişidir, beýik maksatlary durmuşa geçirmek başarnygynyň aýdyň mysalydyr. Indi bütin dünýä döwletleri yklymyň iň iri halkara demir ýolunyň-asyryň demir ýolunyň ulanmaga berilendigini we uly depginler bilen günorta tarap-Eýranyň serhedine sary gurulmagynyň dowam etdirilýänligini bilýärdik. Türkmen-Eýran döwletleriniň araçäginde demir ýoluň birikdiriljek ýerinde boljak bu belli waka mynasybetli dostluk monumentini açmak boýunça guramaçylykly işler alnyp barylýar we taýýarlyk görülýär. Monumentiň Türkmen –Eýran serhedinde goýulýandygy, şeýle-de iki ýurduň çäginde gurulan demir ýoluň birikdirilişi we ulanmaga berlişi ýakyn geljekde resmi ýagdaýda boljakdygy, bu dabaraly çärä Eýran-Türkmen-Gazak döwletleriniň Prezidentleri gatnaşar. Ýeri gelende Türkmen-Gazak döwletleriniň araçäginde demir ýolunyň birikdirilmegine bagyşlanyp geçirilen çärede hem bu belli waka mynasybetli dostluk monumentiniň açylandygyny belläp geçmegimiz gerek. Agzybirligi dost doganlygy ýörelge edinip “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty öňe süren milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle ägirt uly işlerden, köp ugurly özgertmelerden ruhlanyp, nurana geljegini gurýar, döredýär hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bize öňde ajaýyp açyşlar, beýik işler we uly üstünlikler garaşýar. Şol beýik işleri - ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanan durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalar edilip, ähli şertdir mümkinçilikler döredilýar.

Köneler, nexttmm tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir