Göni ýol Assalaamu alaýkum wa Rahmatulaahi wa Barakaatuh. Günleriň birinde 104 adamdan ybarat bolan aýal-erkek, we çagalar M1 981 nomerli uçara mündirilip, 19 reýsy bilen Žykarta şäherinden uçyp çykýarlar. Olar Singapura dynç alyş uçyşlara öwrenişen soň, olar barmaly ýerimize barmarys diýip hiç kimiň pikirinde-de ýokdy. Olaryň ’’Boýengi 737’’ Palenbanganyň golaýlarynda birdenkä aşak düşüp başlady, we Suneý Musi şäheriniň golaýynda aşak (ýere) gaçyp çym-pytrak bolýar, ýolagçylar bilen sürižiler ölýärler. Bütin ýer ýüzinde adamlar ölüm bilen duş gelýärler: ýer-titremeler, howanyň dürli üýtgemekleri, dürli betbagytçylyklar, we her dürli uruşlara sebäp bolup adamlar ölýärler. Buda bolsa ynsanyň ölümiň öňüni almak üçin etžek zatlarynyň ýokdygyny aňladýar. Başgalaryň ölmegine dürli pis keseller sebäp bolýarlar. Biz ölmäge taýynlyk göržek bolup çalyşýarys, ýöne welin biz onuň gelžek wagtyny bilip bilmän, we onuň gelmeginiň - de öňüni hem alyp bilmeýäris. Käbirler ömrüni uzaltžak bolup dürli esaslary ulanýarlar: olar çilim çekmegi taşlap beden-terbiýe bilen meşgullanyp belli zatlary iýip ähli zatlary edip ömrüni uzaltžak bolup synanşýarlar. Ýöne bir zat biziň ählimize bes-belli her näçede öňe gitmäge synanşsak hem biz belli bir wagtda ölmeli. Käbirler ölüm hakynda aslada pikirlenmeýärler: üýtgeşik bir howp abanyp durmasa, puly-iýmiti ýeterlik bolup, gelžekleri ýagty, maşgalalary abadan, daşyndan azar berýän bolman, žemgyýetiň arasynda görnükli kişi bolan wagtlary ölüm olaryň pikirinden daşda. Ýöne ölýänler diňe bir ýaşy ýeten garrylar bilen horluk çekýänler däldir: eýsem ýaşlarda, ýanyp duran güýç-gužurly, entek ýaş adamlar hem birden ölüp bilerler. Ölümiň öňünde biziň hemmämiz deňdiris. Özüniň dogruçyl bolanlygy sebäpli, Alla Tagallanyň bizi žennete ýada dowzaha ibermäge doly güýži bilen haky bardyr. Onuň ady Ar Rahman Rahym (Rehimli we Rehimdar) şonuň üçinde bolsa, Ol biziň ölmäge we kyýamat güniniň gelmegine taýyn bolmalydygymyzy duýdurýar. Her bir adamyň ölmeli güni belli bir wagtda ýetip geler, şonda şol ahyrky günde, kyýamat güninde, şol wagt seniň we meniň entek bu ýerde ýaşan wagtymyzdaky eden işlerimiz hakynda žogap soralžakdyr. Şonuň üçinde biziň elmydama, ylaýtada häzirki wagtda taýyn bolmalydygymyzy, Alla Tagalla bizden talap edýär. Kimde kim elmydam taýyn bolup, kim Syratul Mustakim (Göni ýol) bilen ýörese, şol adam Hudaýyň halanydyr. Bu dünýýa wagtlaýyndyr. Durmuş bilen ýaşaýşyň manysy nämedekä? Bu dünýe wagtlaýyn. Durmuş, hatda baýlygyň hem özi, bug ýaly, bir az wagta peýda bolup, soň bolsa ýitip gidýär. Emma biziň ýaşaýşymyz bu dünýeden has beýikdedir, we bu dünýäniň wagtyndan hem has uzyn bolup, we öňe geçip gidýär, sebäbi ol bize baky ýaşaýan Alla tarapyndan berilendir. Köpler bu dünýäniň şatlygy, we bagty üçin ýaşaýarlar. Biz günlerimiziň her birini diýen ýaly şu durmuşyň aladalaryna bagyşlap geçirýäris. Biz köp zatlaryň gözleginde, puldyr, ýada bolmasa iş, ýada başga şat wagt geçiriş ýerlerini, ýöne bu zatlar şeýle tiz geçýär welin, biz ahyr soňy olaryň gutarýandygyny, we durmuşyň manysynyň ýitendigini düşünýäris. Şu göze görünip duran bagtyň yzyndan ýetiň diýip, şeýtan hem biziň gulagymyza ýuwaşlyk bilen pyşyrdap durýar. Ol biz durmuşymyzy günäde ýaşap, ahyry soňunda-da bolsa ömürlik dowzahda galmagymyzy isleýär. Biz başymyzdan erbeti gowulykdan köp geçirýändigimiz hem hakykatdyr. Ahyrynda, biziň žanlarymyzyň hožaýyny bolan Allanyň ýanyna gaýdyp barmalydygymyzy ýadymyzdan çykaryp, biz durmuşymyzyň manysynyň bardygyna göwnimiz ýetenok. Ýöne welin Alla Tagalla elmydama bize dogry ýoly görkezip, bize hakyky bagtyň nämededigini görkezmegiň ugryndadyr. Onuň diýenine boýun bolan wagtymyz, bu dünýede özümizi halal we arassa saklamak üçin güýç tapýarys. Onuň Syratul Mustakim, ýagny (Göni Ýoly) bilen ýöränimizde, biziň durmuşymyz Ol tarapyndan arassalanyp, şeýle derežede päklenýär welin, biz hatda Onuň günäsiz we abadan žennetiniň ýaşaýžylary bolup bilýäris. Ahyrzamanda, adamyň ruhy iki ýere düşüp bilýär. Ol ýerler, žennet bilen dowzahdyr. Belli bir wagtda biziň ruhymyz (ýagny biziň özümiz), kyýamat güninde sud ediler, ýanky ýerleriň haýsy-da bolsa birine baryp, soň ol ýerden yzyna ýol bolman, ýada biziň düşen ýerimizi hem üýtgetžek zat bolmaz. Biz şol düşen ýerimizde baky bolmaly bolarys. Häzirki wagtda biz haýsymyz öleris diýip hiç zat bilmän aýdyp bilmeris, şonuň üçin-de, bolsa biz gelžeki baržak ýerimimizi häli şindi ýerdekämiz saýlamaga mümkinçiligimiz bar. Gelžeki baky bolmaly ýeriňi edip, sen haýsy ýeri saýlap alarsyň? Žennet Žennet - bu iň bir ažaýyp, dynç alyş üçin ýerlikli, we baky durmuşyňy geçirmek üçin iň bir gözel ýerdir. Ol ýeriň salkyn bag-bakžaly, täsin, žadylaýžy owadanlygy bar. Žennetiň gözelligini adamyň akyl-huşy beýan edip bilmez. Buny bize, Kitap ýagny şol ýerdäki adamlar, Alla Tagallanyň halas eden, günäniň agramyndan we öz ýazyklary bagyşlananlar, diňe şol ýerde bolup bilžekdigini aýdyň görkezýär. Ýöne biz günäli adamlar bolup şol ažaýyp ýere nähili ýollar bilen ýetip bileris? Ol gözel ýere diňe Alla tarapyn mukaddeslenen adamlar baryp bilerler. Isanyň bizler üçin nämäni taýynlap goýandygyny Gurhanda Alla Tagalla bize açýar, bütin adamzat üçin Isa, Meremiň Ogly mukaddes sowgadydyr. «We Biz Ony adamlar üçin alamat ederis, we Biziň rehimdarlygymyz». Sura 19:19, 21 Asmanda we ýerde Alla Tagalla Isanyň adyny baş ýerde goýdy. «Mesih atly Isa, Meremiň ogly, golaýdaky we indiki dünýälerde täsin, we ynanýanlardan». Sura 3:45 Dowzah. Dowzah - bu iň bir erbet žebir çekmek üçin niýetlenen ýerdir. Ol ýeriň düşen adamlary ömürlik žebir çekýärler, hatda olaryň eşikleri, ýassyk-düşekleri otdan edilen ýaly. Ýalyn olary bütünleýin gurşap dur. Ol ýerde baran ýeriňde garankylyk, ot bilen tüsseden doly. Şol elhenç ýere gözleri körelip, dilleri lal, we gulaklary ker. Ol ýerde diri žanlar öli ýaly. Ol ýeriň žebiriniň hem soňy ýok. Ilki ýaradylan adam Adam-atanyň wagtyndan bäri, Şeýtan ähli adamlary azdyryp, aldadyp gelýär. Olar şol sebäpli günäli bolup, şol ýerde bolmaga ikiuçsyz düşmelidirler. «Siziň araňyzda oňa düşmežek ýokdyr, seniň Rebbiň üçin bu iş-bellenen zatdyr». Sura 19:71 Al Syratul Mustakim (Žennetiň göni ýoly) Alla Tagallanyň Öz kelamyndan hemme açan we görkezýän zatlaryna ynanýanlary şol žennetiň göni ýolundadygyny biziň ählimiz bilýäris. Muňa goşmaça şol wagty-wagtyna ýerine ýetirilýän dogalar, berilýän sadakalar üçin kyýamat güninde öz sylaglaryny žennetde alarlar. «Ýöne berk bilýänler, we ynanýanlar, şol saňa berilen zatlara ynanýanlar, hemde senden öň iberilen zatlara, we dogalary ýerine ýetirýänler, we päklenýänler, we Alla ynanýanlar we kyýamat günine - bulara Biz uly sylag bereris». Sura 4:162 Ýöne welin biziň näçämiz şol Allanyň açan aýdyň alamatlardyr-wakalaryň bizi şol göni ýolda saklap bilžekdigini bilýäris? Egerde Alla tarapyn aýdyň hadyslar bolmasa, biz şol göni ýolyň hakyky göni ýoldygyny nädip bilip bileris? Hudaýyň açan alamatlaryny bilmesek, Alla Tagalla biziň olara ynanýandygymyzy nädip görer? Biz žennete barmak üçin bizde ýeterlik zatlaryň bardygyny näme bilen we nenen ölçäp bileris? Biz žennete düşmezden öňürti dini kanunlara nähili halda berk boýun bolup, olary ýerine ýetirmeli? Men žennete girmäge doly hakym bar diýip aýdyp biler ýaly ýerine ýetirilmeli dogalardyr sadakalaryň sany näçe? Bu sowallara diniň kanunlary bize aýdyň žogap berenok. Hakykatdan hem biziň näçämiz Alla Tagallanyň şol žennet ýolundan äkidýän nusgalaryny doly beržaý edýäris? Biz žennete düşmegimizden öň, şol boýun bolmaly nusgalary, dogadyr sadakalary ýerine ýetirmäge biziň näçämizde güýç, we gaýrat bar? Netižede, köp adamlar, hatda žan çekip dogalar okap, sadaka sogap işlerini etselerde, olaryň ýan ýoldaşy şübhe bilen ýigrençdir. Asyrlar boýy, Alla Tagalla biz Oňa doga edip, şol Onuň biz üçin taýynlan pes-pällik, we mukaddes ýoluny, Onuň Özi bize görkezsin diýip soramalydygymyzy Ol bize aýdýar. «Bizi göni ýoldan äkit». Sura 1:6 «Hemme ynanýanlar! Alladan gorkyň, Oňa golaýlaşyň». Sura 5:35 Siz bu ýol hakynda bilýärdiňizmi? Iň Rehimdar we Rehimli (Ar Rahman Rahym) Sura 1:3 Güdreti güýçli Hudaý iň rehimli we rehimdar bolanlygy sebäpli Ol bize gaýtadan Öz ýolbaşçylygy bilen Kurhanyň üsti bilen ýatladyp durýar. Geliň Kurhanyň we hadyslaryň diýänlerine ser salalyň. Aşakdaky ýazylşy ýaly: Kurhanyň we hadyslardaky biz žennete barmak üçin bar bolan ýolbaşçylyk 1. Yzyndan eýermek üçin göni ýol Isadyr! «Hakykatdan hem Ol-wagtyň alamaty. Munyň şeýledigine şübhelenmäň, we Meniň yzyma düşüň! Bu – göni ýoldyr» Sura 43:61 2. Boýun bolmak üçin şam-çyrag Isadyr. « Haçanda Isa aýdyň alamatlar bilen gelende, Ol diýdi: Men size akyl bilen geldim, we siziň dawalaşýan zatlaryňyzy aýdyňlaşdyryp düşündirerin.» Sura 43:63 3. Isa dawalaryň arasynda hakykady sözleýär. «Bu Isadyr, Meremiň Ogly haka görä, we olar munyň şeýledigine şübhelenýärler». Sura 19:34 4. Isa Allanyň pygamberi we Onuň Sözüdir. « Sebäbi Mesih, Isa Meremiň Ogly-Allanyň ibereni we Onyň sözi» Sura 4:171 5. Isa Hudaýyň Ruhy we Onuň Sözi. «Isa hakykatdan hem Allanyň Ruhy we Sözidir». (Hadis-Anna-s Bin Malik sah. 72) 6. Isa Ymam Mahdidir. «Laa mahdian illa Isabnu Mariýam» «Meremiň Ogly Isadan başga Imam Mahdi ýokdyr (Hadis Ibnu Madžah) 7. Isa adamyň islegi boýunça dogman, eýsem Hudaýyň Ruhydan doguldy. «We şol päkligini saklan… We Biz Oňa Ruhymyzdan berdik, we Ony we Onuň Ogluny dünýäler üçin alamat etdik».Sura 21:91 8. Isa doguldy, öldi we direldi. «We şol gün mana parahatçylyk bolar, meniň dogulan günim, we ölžek günim, we ýenede direlžek günimde» Sura 19:33 9. Isa ölenden soň täzeden direlip, baky ten alyp, ynamsyzlardan beýgeldilendir. « Alla Tagalla diýdi: Isa, Men Seniň žanyňy alaryn, we Seni Özümiň ýanyma alaryn. We Men Seni ynamsyzlardan aýryp goýaryn. We Seniň yzyňa eýerenleri ynanmaýanlardan beýikde goýaryn». Sura 3:55 10. Isa dürli pis kesellerden açyp, körleriň gözlerini açdy. «Men köriň gözüni açaryn, kesellini hem sagaldaryn, we ölüleri Allanyň rugsady bilen direlderin».Sura 3:49 11. Isa ölüleri direldipdi. «Sen ölüleri Meniň rugsadym bilen direldýärdiň». Sura 5:110 12. Güdüretler we Mukatddes Ruh Alla tarapyn Isa berilipdi. «We Biz Isa Meremiň Oglyna aýdyň alamatlary berdik, we Ony mukaddes Ruh bilen güýçlendirdik». Sura 2:253 13. Alla Tagalla Isany, Allanyň pygamberini inkär edenleri «kapyr» hasap edýär. «Olaryň ynanmaýandyklary üçin, we Merem hakynda uly ýalan sözlediler». Sura 4:156 Ähli ýazgylardaky ruhanlar Isa ynanarlar. «Hakykatdan hem ýazgylardaky adamlardan Oňa ynanmažak hiç kim bolmaz, Onyň ölümine çenli we Onyň direlen güninde Ol olaryň ýalnyşlaryny görkezer». Sura 4:159 15. Kanun Kitabyny, ýagny Töwraty, we Inžili inkär edenler «dynsyz» ýagny kapyr höküminde Alla tarapyndan seredilžekdir. 16. Isa Hudaýyň Sözi bolanlygy sebäpli, Ol Alla tarapyndan gelip biziň üçin Kitaby açýar. «Ol Kitapdadyr, akylly we beýik» Sura 43:4 17. Zemin bilen asmanyň üstinden häkimiýetçilik Isadadyr. «Perişdeler diýdiler: Merem, Alla Seni şol söz hakyndaky habar bilen begendirýar, Onuň ady Mesih Isa, Meremiň Ogly, golaýdaky we indiki dünýälerde täsin we ynamdarly» Sura 3:45 Bu dünýäniň we gelžeki dünýäniň üstinden güýži, haky, we häkimiýeti Isada bardyr. Isa göni ýoldyr, kurhanyň bize ýatladyşy ýaly, Isanyň yzyna eýerýänler kapyrlardan beýikdedirler. Isa Alla Tagalla üçin şeýle wažyp bir adam bolupdyr welin, kurhanda Onuň ady 97 sapar ulanylypdyr. Ženneti uly owadan we täsin köşk bilen deňeşdirip bolar. Mysal üçin, egerde şol köşkdäki ýaşaýan prezident, ýada hožaýyn sizi şol köşge çagyran bolsa, sizde girip bilerin diýip şep-şübhe bolup bilmez, sebäbi ol adam şol ýeriň eýesi bolup, şol köşgde doly haky bar. Ýöne egerde men, ýönekeý bir şol ýerdäki hyzmatkär bolup, hiç hili hakym bolman sizi çagyrsam, siz elbetde şübhelenip başlarsyňyz: belki-de köp haražat, güýç sarp eden soň, şu ýoly geçip, indi hem köşge girmäge rugsat edilmese nätžek? Özüniň rehimdar bolanlygy sebäpli, Alla Tagalla Isany ýanky hökümdar höküminde goýdy. Onuň ruhy hemde alamaty bütin adamzady žennete eltmek üçin niýetlenendir. Isa Alla tarapyndan iberilip, bize Onuň gymmatly çagyryşyny getirdi. Isa Alla tarapyndan ýokardaky kitapdan geldi, we Allanyň sözi höküminde gelenligi sebäpli, Onuň sözi ýalňyşsyz we düzümi boýunça päkdir. Isa Hudaýyň Oňa tabşyran işini şowly, we gyşarnyksyz ýerine ýetirdi: kim-de kim Ony kabul etse, we Allanyň göni ýolyndan Onuň yzyna eýerse, şol adam dogruçyl ýaşap žennete baržakdygyny berk bilip biler. Şonuň üçin-de bolsa, Alla Tagalla kurhanda aýdyşy ýaly, Isa bu dünýede uly sylagdadyr we ähli Oňa boýun bolýanlar žennetde öz sylaglaryny alarlar. Muhammet pygamber öz ölüminiň öň ýanynda öz eden açyşlarynda kurhanda täsin habarlar beýan edýär. Иň Beýik Ýan Ýoldaş Muhammet pygamber ölüminiň öň ýanyndaky dogasy: «Eý Hudaýym, meni bagyşla, maňa rehimiň gelsin we meni iň beýik Ýoldaş bilen bileleşdir». (Hadis Şahi Bukari 1573) Soňra bolsa Muhammet pygamber elini ýokary galdyryp diýdi: «iň beýik yoldaş»(Hadis Şahi Bukari 1574) Soň elini göýberip, dünýäden ötdi. Şahy Bukarynyň hadysalalarynyň ýazgylaryna görä şol «ýoldaş» pygamberlerden we perişdelerden bolmaly. Ýöne welin perişdeler iň beýik diýip atlandyrylan ýeri ýok. Şeýlelik bilen, Muhammet pygamberiň in beýik ýan ýoldaşy perişde bolman eýsem pygamber bolan bolmaly. Onda pygamberleriň haýsysy şol «iň beýik ýoldaş» diýen ada mynasyp bolupdyr? 1) Adam-Ata Şafiullah-Alla Tagallanyň päklän adamsy 2) Nuh Nažiullah- Nuh Allanyň halas eden adamsy. 3) Ybraýym Halyl- Ybraýym Allanyň halan adamsy. 4) Ysmaýyl Žabiullah- Alla gurban edilipdi. 5) Musa Kalimullah- Allanyň iberen adamsy. 6) Daut Kalimullah- Daua Allanyň yzyna eýeren adamsy. Ýöne onuň özi şeýle diýärdi: {Men Isa Meremiň Oglyna ýerde we asmanda iň ýakyndyryn. Ähli pygamberler bir maşgalaçylyga baglydyrlar. Atalary başga bolsada din birdir. Hadys şahy bukary 1501 «Isa Meremiň Ogly, bu dünýäde sylagda bol, we soňra şol Alla ynanýanlardan.» Cura3:45 {Men Hudaýdan ant içýärin, meniň žanym Onuň elinde. Hakykatdan hem wagt gelýär haçan Isa, Meremiň Ogly size gelip, Ol dogruçyl sud eder} Hadys şahih muslim 127 Şeýlelik bilen iň beýik ýoldaş Meremiň Ogly Isadan başga hiç kim däldir. Bu iň beýik ýoldaş Alla tarapyndan şu sözleri diýer ýaly iberildi: «Maňa boýun boluň- bu göni ýoldyr» Sura 43: 63,64 «Olar ýaly bolmaň, olar diýärler: Biz eşitdik, ýöne olar diňlänoklar.» Sura 8: 21,22 Şonuň üçin habardarlyk bilen Alla Tagallanyň aýatlaryny ýazyp alalyň. Olaryň diýenine boýun bolalyň, sebäbi olar Allanyň bize ýol görkeziži komposy ýalydyr. Onuň diýenine boýun bolmagymyz üçin biz toba gelip, pälimizden gaýtmalydyrys. Şol Allanyň bu görkezen ýazyp goýan göni ýolyndan gitmegimizi dowam edeliň. Eýsem şol beýik ýoldaş Bize häzirki wagtda neneň kömek edip bilýär? Şol beýik ýoldaşyň aýdyň hadysalary we wakalary şol Syratul Mustakim (göni ýoly) has-da aýdyňlaşdyrýar. «Biz Isa, Meremiň Oglyna aýdyň almatlary berdik, we Ony mukaddes Ruh bilen güýçlendirdik» Sura 2:253, 256 Belkide biz öz dinimize uýup, köplenç adamyň çykaryp düzen adat ýedilen ýollaryna eýerip, Alla Tagallanyň täsin ýollaryny unudýarys? Belki biz Nabi Muhammediň düşünip aňan zadyny duşumyzdan geçirdik? Bize şol Alla Tagalanyň beýik ýoldaşyň üsti bilen berilen aýdyň alamatlary gerek. Geliň şol ähli Allanyň kitapda ýok ýollarynyň hemmesini inkär edeliň. Onuň aýdyň alamatlary bize şeýtanyň aldawly ýollaryny görkezýär. Olar bizler üçin Alla Tagallanyň dogruçyl ýollaryny açýarlar. Isa aleýssalamyň bize adamyň adat edilen ýollarynyň boşlugyny we ikiýuzliligini görkezýär. Isanyň alamatlaryna boýun bolup başga ýollary inkär edenler, Allanyň ýolbaşçylygyndadyrlar. Olar elmydama ölüme-de, kyýamat güniniň gelmegine-de taýyndyrlar. Olarda žennete baržakdyklaryna çuňňur ynamlary bar,çüňki olar şol beýik ýoldaşyň päk mukaddesliginde özlerine pena tapandyrlar. Olar adamyň dürli adatlaryna eýermänlikleri üçin olaryň Hudaýyň öňünde hiç hili ýazyklary ýokdyr, we olaryň päk durmuşlary öz dogruçyl işlerine mätäç däldirler. Biz başga ýollary inkär etdikmi? Biz biziň iň beýik ýoldaşymyzyň bize Alla Tagallanyň bizler boýun bolar ýaly täsin berilen sözlerine gulak goýarysmy? Şol göni ýolda biziň beýik ýoldaşymyz bizi aman saklap, bize ýardym edýär. Biz Alla Tagallany görüp, ýada bolsa elimizi oňa degirip bilmeýän bolsakda, biz şol göni ýoldan sag aman ýörär ýaly Ol bize Öz ynamdar ellerini uzadýar. Alla Tagallanyň Ruhy,we Isa Aleýssalam şu ýere(dünýä)adam şekilinde gelipdi «Şol berk arka daýançdan ýapyşyň, ol hiç haçan bozulmaz» Sura 2:256 Biz 2-nži suranyň 253 aýatyna garanymyzda, şol belli ul kursi aýaty biz üçin hasda düşünikli we aýdyň bolýar. Isanyň we pygamberleriň päk alamatlaryna ynanan wagtymyzda biziň daýanžymyz bar. * Berk ynamy diňe Allanyň Özi berip biler. Alla Tagallanyň Ruhyndan bolanlygy sebäpli, Isa dürli hapaçylygyň görnüşi bilen bozuk bolman, eýsem Ol hemme taraplaýyn päkdir. Diňe Onuň mukatdessliginde biziň Alla Tagalla bilen aragatnaşygymyz bolup biler, sebäbi Alla Tagalla mukatdesdir. Ruhdan- Ruh, Isa Alla Tagallanyň Ruhyndan bolany sebäpli Ol haýsydyr bir pis kesele elini degirip rehimillik bilen ol keselden Hudaýyň güýži bilen açýar. * Isa Al Hakdan geleni sebäpli, Ol şol beýik hakyň Özi bolup, bu ýalançy dünýäde iň ynamdarlydyr. * Onuň ynamdarlygy hiç haçan üýtgeme, sebäbi Ol synag edilip, Ol iň aňry çeti dürli kynçylyklary başdan geçiren wagty ýüreginiň we žanynyň asudaçylygyny saklap başardy. Ol diýdi: «We şol gün maňa parahatçylyk bolar, meniň dogulan günim, ölžek günimde, we ýenede direlžek gunimde» Sura 19:33 Baky berk arka daýanç Haçanda biz Alla Tagallanyň bize görkezen durmuşdyr ýada ölüme degişli bolan alamatlaryna berk ynansak, onda biziň hem kalbymyzyň asudalygy bolup biler. 3-nži suranyň 55-nži aýatynda kyýamat güniniň ýolbaşçysy bolan Alla Tagalla Isanyň žanyny alyp, Ony Öz ýanyna aldy. Alla Tagalla Isany ynamsyzlardan aýryp, we päkläp, we Isanyň gurban bolandygyna ynanýanlary sylažakdygy hakynda aýdylýar. Ýeniş Alla, biz Isanyň biziň günälerimiz üçin gurban bolandygyny kabul eden wagtymyz, Alla Tagalla bizi täsin päkläp, bizi Özüniň ýanyna alžakdygyny habar edýär. Alhamdulyllah! Hatda Muhammet pygamber öz güýžine garaşly bolman, eýsem bu dünýeden ötžek wagtynyň gelendigini duýanda, Ol şol iň beýik ýoldaşyň howupsyzlygyny kabul etdi. Şeýlede biz, has hem beter şol ynam ýolundan gitmelidiris. Doga. ▫ «Allahumma! (Eý güdüreti güýçli Hudaý!) ▫ Astafirullah! (Meniň günälerimi geç!) Meni şu wagta çenli Seniň mukatddes ýoluňdan gitmänligim üçin bagyşla. Men başga meni halas edip bilžek ýollaryň ählisini inkär edip, men Sana ynanyp, we Isanyn gurban bolanlygynyn alamatyna, men kyýamat güninde halas bolmak üçin ynanýaryn. Men diňe Seniň ýoluňy kabul edýärin. ▫ Meniň beýik Ýoldaşym meni Özüň şol göni ýoldan ynamdarly äkitmegini Senden soraýaryn. Biz Allanyň ynamdarly ýelinde howupsyz dälmidiris eýsem? Goý Alla Tagalla bizi Öz güýži bilen şepa berip hemde bizi Al Siratul Mustakiim ýolynda gitmegimizde bize ak pata bersin! Wassalamu alaýkum wa rahmatulla wa barakatu! Ýokarydaky Kurhan sanlary 1928-nži ýyldaky Kair magaryfyndan alynan.

Köneler, mensylap tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir