Öten agşam Ýewro-2016-yň oýunlary bolmaýamyka diýip tw programmalary gözden geçirişdirsem 4 kanaldan dagy Türkiýe Çehiýa oýny bolup oturan eken. Türkmenistan Sport kanaly hem şol oýny göni efirde janköýerlere ýetirdi. Ondan başga-da Sport, Sport Plýus, Idman Azerbeýjan we Show kanallary hem gyzgyny bilen oýny paýlaşdy. Oýnuň 8-nji minutynda Umut Bulut bilen türk janköýerleri begenenem bolsa, 16-njy minutda çehlerden Siwogyň salan pökgüsi türkleň begenjini 8 minutda dagytdy. 58-nji minutda Dokkalyň salan pökgüsi bilen çehler şatlandy, türkler bolsa ýewro-2016-yň ikinji oýnunda hem gamgynlyga bürendiler. Şu üç pökgüden başga gol geçmänsoň türk ýygyndysy iki oýunda 0 oçko gazanyp gamgynlyklary hasam artdy. Çehiýa bolsa iki oýundan 6 oçko gazandy. Türk kanallaryndaky sport gepleşiklerine çagyrylýan bilermenler şeýle-de "aýbyň" bolsa "sagbolsunyňy" ýetirýäler welin... Fatih Terim agaň ýagdaýy gowy däl. Türkleň bar gep-gürrüňleri SEN bolaýmasaň bu hepde Fatih aga!

Köneler, messibet tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir