1995-nji ýylyñ 21-nji iýulynda işlenilip düzülen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, iň esasan hem, ýurtda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýöl-ýörelgeleri kesgitleýär. Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen ýylyndan bäri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler Halkara guramalar tarapyndan uly bahalara mynasyp bolup gelýär. Ýurdumyz Alimentarius Kodeksi Komissiýasy agzalyga girdi. “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän ýyllary içinde täze hassahanalar diňe bir Aşgabat şäherinde däl-de welaýat merkezlerinde hem iň döwrebap anyklaýyş merkezleri guruldy. Bu günki gün ýurdumyzyň welaýatlarynyň hemmesinde enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş “Ene mähri” merkezleriniň hereket edýänleriniň hataryna täzeleri goşuldy. Olar paýtagtymyzdaky halkara “Ene mähri” merkezine meňzeş bolup, Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz, Balkan welaýatlarynda “Ene mähri” merkezleri gurlup, döwletimizde “Ene mähri” merkezleriniň ulgamy döredildi we olar häzirki wagtda halkymyza doly hyzmat edip başladylar. Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp, ol halkymyzyň ygtyýaryna berildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde pudakda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny döretmek hem-de ony Aşgabat şäherindäki saglygy goraýyş edaralarynda we welaýatlardaky saglygy goraýyş edaralarynda işe girizmek ýola goýuldy. Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Kelle we boýun kesellerini bejeriş Halkara merkezi, Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň Köpugurly hassahanasy, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Aşgabat şäher saglyk öýi, Stomatologiýa merkezi lukmançylyk merkezleriniň hataryna goşuldylar we ilatymyza berilýän lukmançylyk hyzmatynyň gerimini giňeltdiler. „Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkeziniň müdiriýetini döretmek hakyndaky“ Karara laýyklykda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça hem täze saglygy goraýyş edarasy döredildi. Bu müdiriýetiň düzümine 105 orunlyk Merkezi Deri-wenerologiýa hassahanasy, Ambulatoriýa bölümli 60 orunlyk Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, Milli AIDS-iň öňüni alyş merkezi, 260 orunlyk Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkezi, Merkezleşdirilen barlaghana we Gan merkezi girýär. Türkmenistanda Inçekeseliň we beýleki ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, bu müdiriýetiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu edaralar özüniň bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. „Mollagara“, „Arçman“, „Ýyly suw“, Baýramaly, Berzeňňi we „Farap“ şypahanalary özüniň tebigy aýratynlyklary bilen dürli dertlere melhem bolup bilýän, diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýä meşhur şypahanalar bolup durýar. Döredilen „Şypahanalar“ ulgamynda ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän şypahana hyzmatlarynyň hili dünýä derejesine ýetirildi hem-de olaryň ykdysady netijeliligi ýokarlandyryldy. Ady agzalan şypahanalaryň hatarynda “Daşoguz”şypahanasy-da ýañy-ýakynda halkymyza hyzmat edip başlady. 2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilen BSGG-nyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olar bilen göreşmegiň Saglyk -2020 syýasatynyň çäginde geçirilen Ýewropa ministrler maslahaty geçirildi we Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi. Türkmenistanda ýokanç däl keselleriñ öñini almak we olaryñ garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014-2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyñ Milli strategiýasy tassyklanyldy.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir