Türkmen jemgyýetini çalt depginler bilen ösdürmäge, pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriñ eýýamy bolan Berkarar döwletiñ bagyýarlyk döwründe ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyñ ähli pudaklarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Hormatly Prezidentimiziñ baştutanlygynda halkymyzyñ bagtly geljegini gurmak, ylymly-bilimli, arassa ahlakly, geljege ynamly we giñ gözýetimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek döwlet syýasatynyñ möhüm ugruna öwrüldi. Ýurdumyzyň iň gymmatly hazynasy bolan ynsanyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmak, nesillerimiziň bagtyýar, asuda, jebis ýaşaýşy hakdaky aladalar hormatly Prezidentimiziň öz öňünde goýan uly wezipeleriniň biri bolup durýar. Milli liderimiziñ başlangyjy bilen edilýän lukmançylyk hyzmatlaryñ hili barada uly üstünliklar gazanyldy. Döwrebap bejeriş, keselleri anyklaýyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Bulardan başga-da döwletimizde gurulýan döwrebap sport desgalary we sport toplumlary ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge iññän uly üns berilýändiginiñ, ynsan saglygynyñ hemişe ileri tutulýandygynyñ kepilidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyñ Ýaşulularynyñ Daşoguzda geçen maslahatynda ynsan saglygyna howp salýan neşekeşlige we neşe serişdeleriniñ bikanun dolanyşygyna garşy göreşiñ has-da güýçlendirilmegini aýratyn belläp geçdi. Bu meselede diñe bir maşgalanyñ däl, eýsem, jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamynyñ işgärleriniñ orny-da gaty ulydyr. Hormatly Prezidentimiziñ öñde goýan möhüm we derwaýys meselelerinden ugur alnyp, ýurtda neşekeşlige garşy göreş güýçlendirilýär, sagdyn durmuş ýörelgesi giñden ýaýbañlandyrylýar we wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu işde Türkmenistanyñ Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyñ işgärleri saglygy goraýyş we beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde halkyñ arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Olar sagdyn durmuş ýörelgesiniň dürli ugurlaryny wagyz etmek, ösüp barýan ýaş nesillerimiziň saglyga düýpli zeper ýetirýän zyýanly endiklerinden (çilimkeşlikden, naskeşlikden, arakhorlykdan, neşekeşlikden) daşda durmaklaryny gazanmaklyk maksady bilen edara kärhanalarda durli ugurlarda zähmet çekýän işgärleriň we ýaşlaryň, gelin- gyzlaryň saglyk babatda bilim we medeni derejesini ýokarlandyrmak, sagdyn durmyşda ýaşamaklygyň ýollaryny wagyz etmek, olaryň saglygyny, işjeňligini we ömrüni uzaltmagyň ýollaryny üpjin edýän sagaldyş çäreleri, duşuşyklary gurnamak we geçirmek işine gatnaşýarlar. Neşe serişdeleri babatda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy ýaly birnäçe abraýly Halkara guramalary bilen alnyp barylýan köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda hem bu meseläniň işjeň ara alnyp maslahatlaşylýandygy bellärliklidir. Her ýyl biziň ýurdumyzda ele salnan neşe serişdeleri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörüte peçlerde ýakykyp ýok edilýär. 2013-nji ýylyñ 24-nji dekabrynda hem ýurdumyzyñ harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ele salynan neşe serişdelerini hem-de seri dumanladyjy maddalary ýakyp, ýok etmek çäresi bolup geçdi. Türkmenistan döwletimiz parahatçylyga we giñ halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan syýasaty yzygideril amala aşyrmak arkaly häzirki döwürde ýüze çykýan howplara, şol sanda neşe serişdeleriniñ bikanun dolanşygyna garşy durmak boýunça dünýä bileleşiginiñ tagallalaryna işjeñ goşulýar. Türkmen topragynda syýahatda bolan daşary ýurtly jahankeşdeler halkymyzyň bu alyp barylýan oňyn işleri barada belläp, halkyň ahlak, edep terbiýe babatda nusga alarlyklydygyny, jemgyýetde jenaýatçylygyň, ýaramaz endikleriň örän seýrek duş gelýändigini, nesil terbiýesi babatda jemgyýetçiligiň täsiriniň örän güýçlidigini haýran galmak bilen belläp geçýärler. Hormatly Prezidentimiz bolsa hemişe öz çykyşlarynda neşelere garşy göreşmek we neşekeşligiň öňüni almak işine giň jemgyýetçiligi çekmegiň möhümdigini nygtap, bu meselä hiç kimiň biparh garamaly däldigi barada durup geçmek bilen,“Biziň jemgyýetimizde neşeleriň bikanun dolanyşygy bilen meşgullanýanlara orun bolmaly däldir“ diýip, belleýär. Saglygy goraýşyň işgärleri bolsa öz gezeklerinde ilatymyzyň saglygyny goramak we ony berkitmek maksady bilen arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, kadaly iýmitlenmek, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak, sportuň dürli görnüşleriniň ol sanda welosportuň saglyk üçin ähmiýeti, önümçilik maşklaryň peýdasy we keselleriň öňüni almakda dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň (süýjili diabet, gipertoniýa, howply täze döremeler, öýkeniň özboluşly däl keselleri) öňüni almakda gerek bolýan maglumatlary ilata ýetirýärler. Biz milli Liderimiziň giň möçberli özgertmelerini düşündirmekde, halkymyzyň arasynda wagyz-nesihat işleini geçirmekde neşe serişdeleriniň soňuna çykmakda mundan beýläk hem gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Gije-gündiz öz halkynyň saglygynyň aladasyny edýän hormatly Prezidentimize bolsa elmydama janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir