Biziň ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde şypahanalar hem saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklaryň biri bolup hyzmat edýär. Bu edaralar özüniň bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Türkmen topragy bolsa gudratly ýerlere, şypaly köllere, melhem mekanlara baýdyr. Ýurdumyzyň islendik künjeginde şeýle ýerler bar. Özüniň tebigy aýratynlygy bilen dürli dertlere melhem bolup bilýän, Balkan welaýatynda Mollagara şypahanasy, Lebap welaýatynda Farap şypahanasy, Ahal welaýatynda Arçman we „Ýyly suw“ şypahanasy, Mary welaýatynda Baýramaly şypahanasy, Daşoguz welaýatynda Daşoguz şypahanasy, paýtagtymyz Aşgabatda Berzeññi şypahanasy özleriniň tebigy aýratynlyklary bilen dürli dertlere melhem bolup, diňe bir öz ilimiziň arasynda däl, eýsem, tutuş dünýä meşhurdyr. Ýurdumyzda bu meşhur künjekleriň geljekde has köp adama hyzmat edip bilmegini gazanmak meselesi biziň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurt Baştutanymyz ady agzalan şypahanalaryň durkuny täzelemek, saglyk maksatly binalar bilen olaryň üstüni ýetirmek üçin birnäçe taryhy kararlara gol çekdi. Birki ýyllykda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arçman şypahanasynda täze binanyň we bejeriş merkezi bolan täze suw sagaldyş „Ýyly suw“ şypahanasy, Baýramaly şypahanasy, Farap şypahanasy, Berzeññi şypahanasy açylyp halkymyza ulanylmaga berildi. Ilatyň saglygyny goramakda bitirilýän işleriň hatarynda diňe ýokarda agzalanlar bilen çäklensek, bärden gaýtdygymyz bolar. Ýurtda ekologiýanyň we daşky gurşawy goramak, bedenterbiýe we sporta köpçülikleýin üns bermek, ägirt uly saglygy goraýyş, sport, bilim we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny giňden ýaýbaňlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça döwletli maksatlara badalga berilmegi Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk zamanasynda hakyky ykbal özgerdiji tutumlaryň zamanasyna öwürdi. Muňa Hazar deňziniň gündogar türkmen kenaryna syn edeniňde açyk-aýdyň göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp kenarda „Awaza“milli syýahatçylyk zolagyny döretmeginde çuňňur many bar. Häzirki wagtda bu täsin zolakda şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň birnäçesi işleýär. Olaryň bäşisi „Awaza“ milli syýahatçylyk zologynyň taslamasynyň amala aşyrylýan döwrüniň birinji we ikinji tapgyrlarynda gurlup, ýurt Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylan 12 gatly binalardyr. Zolakda bina edilen şypahana-dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalaryň düzüminde saglygy goramak we bejeriş bölümleriniň, melhem suwly howuzlaryň, sport toplumlarynyň, trenažýor zallarynyň, şeýle hem beýleki saglyk desgalarynyň bolmagy olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Halkara ähmiýetli kurort merkezine öwrülýän „Awaza“ milli syýahatçylyk zologynda häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän sagaldyş merkezleriniň taslamalarynda hem bu infrastrukturalara we olaryň hyzmatlaryna uly orun berilýär. Sözüň doly manysynda dostluk mekanyna öwrülýän zolaga düýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän myhmanlaryň sany bolsa barha artýar. Olar doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan täsin zolagy döreden Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirýärler we alkyş sözlerini aýdýarlar. Milli Liderimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen parasatly syýasatynyň hakykat ýüzünde dabaralanýandygynyň gözli şaýady bolýandyklaryny tüýs ýürekden nygtaýarlar. Bu ýürekden çykýan sözleriň aňyrsynda bolsa ata Watanymyzyň halkara derejesindäki belent mertebesi, abraýy, ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşlerine düýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasy dur. Bu gün bolsa çawy äleme dolan Awaza merjen şuglasy bilen nur saçýar. Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk zamanasynda „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagy jenneti mekana öwrüldi. Ol ýerde bolup geçýän özgertmeleri, ösüşleri synlanyňda akylyň haýran bolýar. „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagynyň döremegi bilen gojaman Hazaryň kenarynda dynç almaga gelýänleriň oňat dynç alyp, saglyklaryny berkitmekleri, jahankeşdelik etmekleri üçin dünýä derejesindäki kurort-syýahatçylyk merkezleri döredilýär. Ýokary derejeli myhmanhanalary, sagaldyş, dynç alyş öýlerini, şypahanalary, medeni merkezleri synlanyňda guwanjyň goşalanýar. Öz halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin zerur şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Awaza türkmenistanlylara, dünýäniň çar künjünden gelen myhmanlara öz gapysyny giňden açdy.

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir