Ýurdumyzyň iň gymmatly hazynasy bolan ynsanyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş şertlerini ornaşdyrmak, nesillerimiziň bagtyýar, asuda, jebis ýaşaýşy hakdaky aladalar hormatly Prezidentimiziň öz öňünde goýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. “Saglyk” döwlet maksatnamasy hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ony düýpli özgertmek ýolunda biziň şu günki we ertirki maksatlarymyzy kesgitleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasynda bolsa Milli aýratynlyklara laýyklykda ylym-bilimiň dünýä derejesine gabat getirilmegi, çagalaryň sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň toplumlaýyn döredilmegi, welaýatlarda „Ene mähri“ merkezleriniň, paýtagtymyzda Onkologiýa, Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Ýokanç keselleri merkezleriniň müdiriýetiniň, Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň, Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň, Aşgabat şäher Saglyk öýüniň, Stomatologiýa merkeziniñ, infuzion erginlerini öndürýän kärhananyñ gurulmagy we başgada saglyk maksatly binalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi ýaly onlarça mysallary getirip bolar. Bu zatlaryñ üsti Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniñ güni mynasybetli ýene-de saglyk maksatly täze binalar we düýbi tutulan desgalar bilen ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döredilen „Şypahanalar“ ulgamynda ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän şypahana hyzmatlarynyň hili dünýä derejesine ýetirildi hem-de olaryň ykdysady netijeliligi ýokarlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş hajatlary üçin zerur bolan binalary, ylym-bilim, medeni ojaklary, ilkinji nobatda-da, saglyk merkezlerini, hassahanalary gurmagy, „Awaza“ milli syýahatçylyk zolagyny döretmegide muňa aýdyň mysaldyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilen ýylyndan bäri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli durmuşa geçirilýän çäreler Halkara guramalar tarapyndan uly bahalarya mynasyp bolup gelýär. “Türkmendermansenagat” birleşigi ýurdumyzyň halkyny we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjin etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda döredildi. Häzir birleşigiň düzüminde “Saglyk” derman kärhanasy, Bilelikdäki “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” kärhanasy, “Tenekär” derman kärhanasy we S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumy işleýär. Bu kärhanalaryň soňky ikisi “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň esasynda guruldy. Hemişe öz raýatlarynyň saglygynyň aladasyny edýän Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz Alimentarius Kodeksi Komissiýasy agzalyga girdi. Lukmançylyk biliminiň Bütindünýä Federasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Awisenna direktoratlygynyň” Bütindünýä maglumatlar goruna girizilmegini-de uly guwanç bilen aýtsa bolar. Şeýle-de ýurdumyzda enelere we çagalara edilýän uly ünsüñ mysalynda Hormatly Prezidentimiziñ şu ýylyñ 5-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniñ nobatdaky mejlisinde eneleriñ we çagalaryñ saglygyny goramak hem-de olara öñdebaryjy tilsimatlara we lukmançylyk ylmynyñ iñ soñky gazananlaryna esaslanýan ýöriteleşdirilen bejeriş-öñüni alyş kömeginiñ berilmegini üpjün etmek maksady bien gol çeken Kararary hakynda aýtman geçmek bolmaz. Karara laýyklykda Aşgabat şäherinde 670 orunlyk Enäniñ we çaganyñ saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniñ binalar toplumynyñ taslamasyny düzmek we ony döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edip gurmak barada ygtyýar berdi. Hemişe öz raýatlarynyñ saglygy ugrunda alda edýän Ýurt Baştutanymyzyñ jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn!

Köneler, BegaLukman tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir