Arkadag Prezidentimiziň aladasy bilen berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döründe ýaş nesliň terbiýesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli liderimiziň ýaş nesli ylymly-bilimli, hünärli, watansöýüji, janypkeş, ahlak taýdan arassa, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar edip ýetişdirmek baradaky tagallalary bu gün doly durmuşa geçirilýär.Türkmen ýaşlary yhlasly okamaga, erjellik blen ylym-bilim almaga, hünär öwrenmekde, sport bilen meşgullanmakda, ýaşuly nesillere hormat-sarpa goýmakda hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýärler. Ýaşlar baradaky alada jemgyýetimizde wajyp ähmiýete eýedir.Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň düýp özeninde bagtyýar ýaş nesillerimiziň abadan şu güni, röwşen geljegi babatdaky aladalar durandyr.Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň hünärli, kesp-kärli bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berýär. Arkadag Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, türkmenistanyň güllp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr.Türkmen ýaşlarynyň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, özleriniň ukyp-başarnyklaryny zehinini görkezmegi üçin uly mümkinçilikler, şertler ýurdumyzda näçe diýseň bar. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem uly ähmiýeti bardyr.Ýaşlaryň önünde täze ýollar açylýar.Indi ýaşlaryň hukuklary, peýdalanýan zamanabap eşretli Kanun bilen kesgitlenýär.Kanun-ýaşlaryň hukuk goragçylygyny üpçün ediji serişde bolup durýar.Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine Ýaşlar syýasaty bölümi döreldi.Munuň özi Berkarar döwletimziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil üçin hukuk, ýaşaýyş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertleriniň üpjün edimegine yzygiderli üns berilýändigidir.Ýaşlaryň watançylyk, ýokary ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklar, parasatly milli däp-dessurlaryna, ata-babalarymyzyň wesýetine wepalylyk ruhunda terbiýelenmeginiň möhümdigini Arkadagymyz hemişe nygtaýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň halkara ülňülerine gabat gelýän häzirki zaman bilimlerini ele almagy, öz saýlap alan hünärlerini düýpli özleşdirmegi, gözýetimlerini giňeltmegi, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmagy üçin döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatli Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny ýaşlara has giňişleýin düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtmguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeňleri okuwçy, talyp, esger, işçi ýaşlaryň arasynda dürli-dürli syýasy köpçülik, medeni-döredijilik, wagyz-nesihat, sport we baýramçylyk çärelerini ýygy-ýygdan gurap durýar. Bu çärelerde ýaşlar bilen ýurdumyzyň medeniýet we döredijilik işgärleriniň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, lukmanlaryň, ýaşulularyň çykyşlary guralýar.Biz-ýaşlar guramasynyň işgärlerine ýaşlara ruhy-ahlak terbiýesini bermekde milli Liderimiziň baý durmuş, pedagogiki we psihologiki iş tejribesi we paýhas düründen dörän ylmy-çeper işleri gollanma bolup durýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, belent ruhly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen etrap Ýaşlar guramasynyň guramagnda etrabyň çägindäki mekdeplerde zähmet çekýän we okaýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.Bu çärelerde Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň birinji maslahatynda Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň döredilmegi we ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslary, öňde durýan wezipeler, ýöreldeler barada giňişleýin söhbet edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirni görýän ýaş nesiller bu gün hormatly Prezidentimiziň öz halkynyň abadan durmuşy, eliniň uzadan ýerine ýetmegi, bagtyýar ömür sürmegi, döwletimiziň şan-şöhratyna mynasyp goşant goşmagy özlerine parz hasaplaýarlar.Çünki Arkadagly ýaşlarda egsilmejek gujur-gaýrat, hujuw bar. D.R.Umirowa