12-nji 27-nji oktýabr 1968-nji ýyl 112 ýurt, 5516 türgen, 20 sport, 172 bäsleşik, 527 medal (174-170-183) Detroit, Lion, Buenos Aýres şäherlerinden tapawutlanyp, XIX tomusky 01impiýa oýunlaryny gurnamaga hukuk gazanan Mehiko Siti şäherindäki spört şüweleňine 780-si zenan jemi 5516 türgen gatnaşdy. 12-nji oktýabrda "Olimpico Universitario" Stadionynda bolup geçen uly dabara bilen açylan 01impiada 27-nji oktýabrda tamamlandy. Latyn Amerikasynda, ispan dilinde gürleýän ýurtda hem-de ösüp barýan döwletde geçirilen ilkinji 01impiada hökmünde taryha giren XD( 01impiýa oýunlary syýasy hem-de ykdysady meseleler bilen hem ýatda galdy. Deňiz derejesinden 2240 metr ýokarda ýerleşýänligi üçin käbir ýurtlaryň türgenleri 1 -2 aý bu şähere geldi. Köpler şol ýurtlaryň türgenleri pes netijeler görkezer diýip çaklapdy. Ýöne olaryň ir gelmegi we howa şertlerine uýgunlaşmagy bu çaklamany puja çykardy. Ýeňil atletika sportlarynda ilkinji gezek sintetiki "tartanlar" ulanylyp başlandy. Ýapylyş dabarasy reňkli efire berlen ilkinji 01impiada boldy. Barbados, Beliz, DR Kongo, Orta Afrika Respublikasy, Salwador, Gwineýa, Gonduras, Kuweýt, Nikaragua, Paragwaý, Sierra Leone hem-de Wirjiniýa adalarynyň türgenleri 01impiadanyň çäginde ilkinji sapar çykyş etdi. Medallar babatda ABŞ bu sapar iň öňdäki orny eýeledi. Olar Öz yklymlarynda geçirilen XIX 01impiýa oýunlarynda 45-si altyn, jemi 107 medal gazandylar (28 kümüş, 34 bürünç). Öňki SSSR-iň 2-nji (29 altyn, 32 kümüş, 30 bürünç), Ýaponiýanyň 3-nji (11 7-7) bolan sanawynda ýer eýesi Meksika 3 altyn medal gazanyp, 15-nji orna mynasyp boldy. 44 ýurt azyndan 1 medal alan bolsa, 78 ýurt 01impiadadan boş dolandy. ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Amerikaly Bob Bimon uzynlygyna bökmekde esasy faworitleriň biridi. Ýöne ol garaşylyşyndanam has ýokary netije görkezip (8,9 metr), dünýö rekordyny goýdy. Ol öňki rekorddan ýarym metr gowrak artykmaç netije görkezdi. Amerikaly Debbi Meýer 200, 400 we 800 metr aralyklara erkin ýüzmekde ýeňiji bolup, Olimpiýa oýunlarynda 3 altyn medal alan ilkinji ýüzüji diýen ady eýeledi. Ýeňil atletika, welosiped, küreklemek, kanoe, ýüzmek we atçylyk sportlarynda ilkinji gezek elektroniki wagt ölçeýji enjamlar ulanyldy. Çehiýaly gimnastikaçy Wera Çaslawska 4 altyn, 2 kümüş medal gazandy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: DIK FOSBDRI 1960 Mehiko Siti Olimpiýa oýunlarynyň iňýatda galan pursatlarynyň biri-de amerikaly ýeftil atletikaçy Dik Fosburiniň beýikligine bökmekde görkezen täze usuly boldy. Ol öň görülmedik we häzirki wagtda iň ýörgünli düşüş şeklini ilkinji gezek bu Olimpiadada görkezdi. Fosburi sag aýagynyň daş tarapy bilen ýokary böküp, taýagyň üstünden hem arkanlykgan geçipdi. ÖI 2,24 metr beýiklige böküp, dünýä rekordynyň täze eýesi bolupdy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir