93 ýurt, 5151 tüigen. 19 spoit, 163 bäsleşik, 504 medal (163-167-174) XVIII 01impiýa oýunlary 1964-nji ýylyň 10-njy-24-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirildi. Bu 01impiada 93 ýurtdan (Rimdäki 01impiýa oýunlaryndakydan 10 ýurt köp) 5151 (678-si zenan) türgen gatnaşdy. Tokio şäheri Detroit, Wena we Brýussel şäherlerinde öňe saýlanyp, bu hukuga eýe boldy. Tomusky Olimpiýa oýunlary ilkinji gezek Aziýa yklymynda geçirildi. Ýer eýesi ýaponlar bu 01impiada üçin iň soňky tehnologiki enjamlar bilen döwrebap sport desgalaryny gurdy. Aýratynam suw sportlary üçin gurlan desga owadanlygy we gurluşy taýdan köpleri özüne bendi edipdi. Alžir, Kamerun, Çad, Kotd'Iwuar, Kongo, Madagaskar, Libiýa, Niger, Zambiýa, Seengal, Mali we Tanzaniýa ýaly Afrika ýurtlary, şol sanda Dominik Respublikasy, Mongoliýa, Nepal 01impiada ilkinji gezek gatnaşdy. Dzýu-do sporty boýunça ilkinji gezek bäsleşikleri geçirildi. Woleýbol sporty 01impiadanyň hataryna ilkinji sapar girizildi. Günorta Afrika Respublikasynyň türgenleri şol wagty syýasy ýagdaý nazarda tutulyp, ýaryşa çagyrylmady. Medallaryň sanawynda ABŞ 2 01impiadadan soň ýene-de ilkinji orna geçdi. Olar 36 altyn, 26 kümüş, 28 bürünç medal gazanmagy başardylar. Öňki SSSR bu sapar 2-njilik bilen kanagatlanmaly boldy (30 altyn, 31 kümüş, 35 bürünç). Ýer eýesi Ýaponiýa bolsa 3-nji basgançagy eýeledi (16-5-8). ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR * Awstraliýaly ýüzüji Dawn Freýzer 100 metr aralyga ýüzmekde bassyr 3-n|i altyn medalyny gazandy. Ol 3 Olimpiadada jemi 8 medal (4 altyn, 4 kümüş) alan ilkinji zenan türgen diýen ada eýe boldy. SSSR-li gimnastikaçy zenan Larisa Latynina karýerasyna ýene-de 6 medal goşdy. Ol 3 Olimpiadada 9 altyn, 4 kümüş, 4 bürünç medal gazandy. Wengriýaly Deszo Gýarmati milli ýygyndysy bilen waterpolda altyn medal aldy. Ol bassyr 5 OlimPiadada medal gazanan ilkinji türgendir. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY ABEDE BIKILA Efiopiýaly marafon ylgaýjysy Abede Bikila ilkinji altyn medalyny 1960-Rim 0limpiadasynda aýak ýalaňaç ylgap gazanypdy. Bikila 1964-nji ýyldaky 0limpiýa oýunlarynda marafon ylgawy ýaryşyna gatnaşyp, bassyr 2-nji gezek marafonda ýeňiji bolan ilkinji türgen diýen ady eýeledi, Bu bäsleşikden 40 gün öň kör içege operasiýasyny geçiren tiirgen ýaryşyň ýarysynda bäsdeşlerinden ep-esli arany açypdy. Marafonda 2-nji ýeri alan garşydaşyndan 4 minut öň pellehanadan geçen Bikila sport taryhynda iň ökde marafon ylgaýjylarynyň biri hasaplýanýar.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir