Ýerliksiz gahar hem ýadawlyk gan basyşynyñ galmagynyñ esasy sebäpleridir. Şonuñ üçin professor Tekin Akpoladyñ gipertoniýa (gan basyşynyñ ýokarlanmagy )kesellere tejribe edilen maslahatlary bar. Olara gulak salsañyz, dynç alşyñyzy göwnüñizdäki ýaly geçirip bilersiñiz. Ilki bilen, dermanlaryñyzy ýanyñyza almagy unutmañ. Daşarda yssyda kän gezmäñ. Köpüräk suw içiñ we duzly naharlardan uzagrak durjak boluñ. Dyñç alyş döwründe gündelik aladalaryñyzy öýüñizde goýup gaýdyñ. Şuny-da unutmañ: gan basyşyny bejermegiñ iñ gowy usuly köpräk gezelenç etmekdir. NextTM

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir