Pes pälli bol, ynjytmawer, kemsitmäwer hiç kimsäni, Synaýandyr, bu bäşgünlik synaw dünýäsi, ynsany. Haýyr işe gümra bolgyn, çykmanka bu teniň jany Hasapsyz zat ýokdyr asla, myhmanysyň bu dünýäniň! Ýagşa ganat ýaýar derwüş, yrsgyn saklar alsaň gargyş, Galdyryp git bir haýyş iş, myhmanysyň bu dünýäniň! Ýamanlara ýanaşmawer, ýokmasyn oň hiç garasy, Esli menzil, uzak durmuş, haýyr bilen şer arasy. Munda gaty görülýändir, ýamanlaryň, wah çäresi Sogabyňa sogap bardyr, myhmanysyň bu dünýäniň! Halal ýaşa, halal işle, halal gazanjyňy dişle Ýaman zada diýme "hiçle", myhmanysyň bu dünýäniň! Ýa Allahym, jan Hudaýjan, geç günämi, ähli hatam Bolmasyn närazy menden, käbäm enem, kyblam atam Gam laýyna batýan käte, oturýaryn bolup matam Sanalgyja ömür bardyr, iman gazan bu dünýäde! Bu dünýäge gelen, geçer, jan bir guşdyr, birgün uçar Hossarlaryň göz-ýaş seçer, myhmanysyň bu dünýäniň

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir