FINAL GERMANIÝA-ARGENTINA 00:00 Ynha-da millionlaryň oýny bolan futbol boýunça Dünýä Çempionatynyň 25-nji güni boljak oýun. Bu oýun Braziliýada geçýän FIFA-2014 dünýä çempionatynyň final oýny. Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan bu final duşuşygy Rio-de Žaneýronyň rowaýaty Marakana stadionynda bu gije (13.07.14ý) sagat 00:00-da başlar (Aşgabat wagty bilen). Oýna italiýan Nikola Rissoli eminlik eder. Bu finalda her kim Aziýaly emin goýular öýtdi. Ýöne FIFA ýewropaly emini goýmagy kem görmedi. Aziýaly goýuljak bolmagynyň sebäbi Ýewropa bilen Günorta Amerikaň ýygyndysy final oýnaýar. Günorta Amerika bilen Ýewropaň arasynda dünýä çempionatynyň taryhynda oýnalan final oýunlarda 7 gezek Günorta Amerika, 2 gezek Ýewropa ýygyndylary ýeňen eken. Günorta Amerika 6 final duşuşykda esasy wagtda ýeňen bolsa, 1994-nji ýylda oýundan soňky 11 metrlik jerime urgulyry bilen oýnuň ykbaly çözülipdi. Final duşuşyklarda ikisiniň arasynda salnan pökgüler 20:8 Günorta Amerikalylaryň peýdasyna tamamlanypdyr. Germaniýa bilen Argentina jemi 20 gezek duşuşypdyrlar. 9 gezek Argentina ýeňen bolsa, 6 gezegem Germaniýa ýeňipdir. 5 duşuşyk bolsa deňme-deň tamamlanypdyr. Şol duşuşyklarda salnan gollar bolsa 28:28 hasabynda deň eken. Bu ýygyndylar 6 gezek dünýä çempionatynda duşuşan eken. Şolaryň üçüsinde Germaniýa ýeňiş bilen tamamlapdyr. Eýýäm üç çempionat bäri bular duşuşyp gelýär. 2006-njy ýylda 1/4 final duşuşygyň esasy wagty 1:1 tamamlananam bolsa penaltylarda Germaniýa 4:2 ýeňiş gazanypdy.

Köneler, messibet tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir