Söweşdeş dostuma Onda biziň ikimizem çagadyk, Gülki bilen oýun bordy kärimiz. Garagoldyk, şadyýandyk, sadadyk Söýmäge-de ýetişmändik häli biz. Aşyk bolup ýörmesekde gyzlara, Aşygydyk şadyýanja guşlaryň. ... Ine birden uruş turup jahanda, ýüreklere urdy sansyz neşderin. Kimler ýitirýärdi howandaryny, Kimseler ogluny, kimler ýaryny, A biz bolsak poçtalýondyr öýderdik Bu zatlaryň ýalňyz günäkärini. Äpet gara sumkasyny gerdenläp, Aýlanýarka köçeleriň hemmesin, Howsalaly bakardylar adamlar: -Göni gitsin... Biziňkä bir gelmesin. Indi-indi haýran galýan bir zada, Gör, neneňsi işler bolýar dünýäde, Şol poçtalýon, Şol gazaply ýyllarda Götiripdir şum habaryň ençesin, Bir ölüme döz geläýmek aňsat däl, Ol neneňsi göterdikä şonçasyn? Kä zatlara düşünsek-de azajyk, Kä zatlara düşünerden sadadyk, O zeýilli gowgalary nä bilsin, Peý wagtyna oýnap ýören çagajyk. Aýlar geçdi täze oýun tapyldy, «Bedew atlar» dört tarapa çapyldy. «Awtomatly», «Bäşatarly», «jigitler» «Ura!» diýip, öňe bakan topuldy. Uzak frontlarda atylýan oklar Edýärkä her günde ençeme gurban, Biziň «urşumyzy» Biziň «Soldatlar» Mydam Şatlyk bilen ederdi tamam. Günbe-günden barha artyp badymyz, Duşmany ýakýardy biziň odumyz. Beýik ynam bilen arman-ýadaman, Arzuw etdik: «Arzuwlarmyz ýer alar» Şeýdip ölmän ýeňşe ýetdik sag-aman, Galsa-da ýürekde bitmez ýaralar. … Dostum, indi özüň bolupsyň ata, Dur anha çagalaň daşyňy gallap, Ýyllar bizi köp güzerden geçirdi. Indi biz çaga däl, biz köne soldat.

Köneler, EdgarPo tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir