Jemgyýetiň ösüşine goşandyňy goşmak her bir raýatyň ilkinji nobatdaky borjudyr. Islendik jemgyýetiň ösüş depgini ondaky adamlaryň hünär başarnyklaryna, aň-düşünjesine, dünýägaraýşyna bagly bolýar. Şonuň üçin hem döwrebap pikirlenip bilýän, berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahslary ýetişdirmek jemgyýetde esasy orny eýeleýär. Munda ösüp gelýän ýaş nesillere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary depginler bilen ösýän türkmen jemgyýetinde hem kämil şahsyýetleri kemala getirmek ugrunda köp tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýurduň ertirki eýeleri bolan ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin zerur şertler döredilýär. Elbetde, ýaşlar hem öz gezeginde ata Watanymyz Türkmenistany ösdürmekde, onuň dünýä arenasynda at abraýynyň has hem belent derejelere galmagy ugrunda uly işjeňlik görkezýärler. Jemgyýetimiziň intelligensiýasynyň wekilleri bolan talyplar mynasyp bilim alyp Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişýärler. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek baradaky tagallalar bu günki gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň çäginde geçirilýän bäsleşikler bilen bir hatarda halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edýärler. Ýaşlaryň gazanýan ýokary görkezijileri olaryň mynasyp bilim almaklarynyň netijesi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň okuw jaýlarynda berilýän bilimiň ýokary dereje bolmagyna aýratyn üns berilýär. Talyplaryň bilim başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirip durmaklary üçin, olarda erkin pikirlenmek ukybynyň ösdürilmegi üçin dürli bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikler hem zehinli talyplary ýüze çykarmaga, talyplary bilime höweslendirmäge ýardam edýär. Okuw ýylynyň dowamynda ders bäsleşikleri, zehin bäsleşikleri, “Ýylyň talyby”, “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri”, “Talyp gözeli” ýaly bäsleşikler talyplaryň bilim ukyplaryny ösdürmäge, olarda erjellik, maksadokgunlylyk, bäsdeşlik ukyplarynyň kemala gelmegine kömek edýär. Ýeri gelende, ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurtlarda hem okuwlaryny dowam etdirmäge ähli mümkinçilikleriniň döredilendigini belläp geçmelidir. Daşary ýurtlarda bilim alyp gelen ýaşlar Watanymyza dolanyp ökde hünärmenler hökmünde ýurdumyza hyzmat edýärler. Berkarar ýurtda erkana zähmet çekýän, okap bilim alýan türkmen halky bu gün bagtyýarlyk döwründe ýeňişli ýolunyň gadamlarynyň badyny barha artdyrýar. Ösüşiň täze belentliklerini bedew bady bilen külterleýän Türkmenistan döwletimiz ýagty geljege tarap ynamly barýar. Biz –– ösen jemgyýetiň öňdebaryjy ýaşlary hökmünde Watanymyzyň abraý mertebesini has ýokary galdyrmakda zähmetimizi gaýgyrmaly däldiris.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir