Bu gün belli-külli uçduň gözümden, Indi islän çagym görüp bilmerin. Maňa goýup gitdiň aýralyk derdin, Näçe ýyllap hemram bolan, dilberim. Ýok, bu ýerde seni günäkärlämok, Ykbalyň ýazgydy şeýledir, belki. Öňler ynanmazdym, indi ynanýan, Edil şu pursatda däldigňe meňki. Şol ahwaly serde aýlan pursadym, Her ädimde gama batyp büdreýän. Durmuş seniň bilen gyzykly eken, Sen gidensoň, boşap galdy bu dünýäm. Ýazgyt bolsa ýokdur ondan gutulmak, Alaçsyz almaly beren "serpaýyn". Saňa bar dilegim - ýalňyz arzuwym, Nurly gözleň gamlananyn görmäýin. Aşyrbaý HALLYÝEW
memory 10 years ago- Sen gidenson boshap galdy bu dunyam gowy yazylan