oyl ... Hiç düşünip bilemok. Soňky wagtlar saňa näme bolýar? Göräýmäge sen menden nämedir bir zady gaty gören ýaly meň bilen gürleşesiň gelenok, maňa jogap bermegem isläňok. Saňa näme boldy? Ýa men seň göwnüňe degäýdimmi? ... Öňler seň özüň maňa jaň ederdiň, gyzykly gürrüňler ederdik. Hawa, şeýle gyzykly gürrüňler ederdik. Ýöne näme üçindir soňky döwürler sen menden ýuwaşjadan daşlaşyp başladyň. Öňler sagatlap gürrüň edýän bolsak, indi gürrüňimiz 10 minuda hem ýetmänkä sen öz işlidigiňi aýdyp meň bilen hoşlaşýarsyň... ... Sen maňa ýatdan çykmajak ajaýyp ýatlamalary sowgat edipdiň. Men seniň bilen özümi şeýle bir bagtly duýýardym. Saňa edil Beýik Biribara ynanyşym ýaly ynanýardym, saňa hormat goýýardym. Ähli syrlarymy diňe seniň bilen paýlaşýardym. Men seni özüme iň ýakyn dost hasaplaýardym. Senem şeýlediň. Hawa, senem şeýlediň. Emma bu gün bolsa aramyzdaky "dostluk köprüsini" ýykyp, sen meň durmuşymdan bütinleý ýitip gitdiň. Hawa, hiç hili hoşlaşmazdan yzyňa seretmän ýitip gitdiň. Diňe özüň däl, sen özüň bilen meň ýüregimiň hem bir bölegini alyp gitdiň. Saňa telim gezek hat ýazdym. Ýöne ýekeje gezegem yzyna jogap ýazmadyň. El telefon belgiňe birnäçe gezek jaň etdim, emma sen jogap bermediň... Bolýa, gidiber, gidiber! Bary bir men indi seni saklap bilmerin. Ýöne senden haýyş edýän. Meni hem şol geçen bagtly günleri ýadyňdan çykarma, hiç ýadyňdan çykarma! Menem seniň bilen geçen şol bagtly günleri, seniň maňa aýdan sözleriňi, maňa eden ýagşylyklaryňy hiç wagt, hiç haçan ýadymdan çykarmaryn! Men indi diňe seniň maňa sowgat eden ajaýyp ýatlamalaryň bilen ýaşaryn. Nirde bolsaňam bagtly bol! BAGTLY BOL!!! Bekrewe - 22.04.2014 ý.

Köneler, Shamahyly tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir