Eşiden zadymy size gürrüň bereýin. Bu gürrüňi maňa-da bir nätanyş adam gürrüň beripdi. Belki muny diňläp, siz az hem bolsa ruhy lezzet alarsyňyz. Bu nätanyş şeýle diýip söze başlady: . Soňunyň näme bilen gutaranyny meniň hem bilesim geldi, ýöne näme edeýin?! diýip oňaýmaly boldym.
Iki dostuň ylmy sözleşişi
-
menbet
10 years ago
- ''Prkol tutjak bolya'' :-D
-
112128
10 years ago
- yazanymyn bashyndan hem sonundan azajyk gidipdir yalnyshlyk bolupdyr..bagyshlan:(..birazdan yazjak doly edip;(
-
112128
10 years ago
- Eşiden zadymy size gürrüň bereýin, eziz okyjylarym. Bu gürrüňi maňa-da bir nätanyş adam gürrüň beripdi. Belki muny diňläp, siz az hem bolsa ruhy lezzet alarsyňyz.
Bu nätanyş şeýle diýip söze başlady: “Bir matematik bilen fizik dostdy. Olar hemişe öz aralarynda jedelleşer eken. Ýöne dostlar biri-birini juda gowy görýanmiş. Şeýle-de bolsa olar hatda birje günem jedelleşmän durup bilmändirler. Ynha günlerde bir günem men olaryň jedelini diňlemek üçin düşdim bularyň yzyna. Beýle diýsem bu adam gep diňlemegi gowy görýändir diýip pikir edäýmäň. Bilesigelijilik häsiýetim meni günüme goýmansoň, şeýle etmeli boldum. “Gepiň azy ýagşy, ýoluň uzy” diýipdirler, menem gepimi köpeldip otyrmaýyn. Gepiň gysgasy men yolda bularyň yzyna düşüp başlamazymdan öňem dostlar jeddelleşip gelýän ekenler. Jedeliň başy nädip başlanyny-ha bilemok welin, eşiden ýerimden gürrüň bereýin:
Matematik dostuna fizik:
― Seniň aýdýan sözleriň hemişe “gaz” ýaly howada uçup ýör. Eger sen manyly gepleýän bolsadyň, onda olar “gaz” ýaly howada gaýmalaman, “altyn” ýaly il içinde dilden-dile geçerdi ― diýdi. Matematik hem öz gezegini elden bermedi:
― Meniň aýdýan sözlerim “geometrik progressiýa” ýaly il içine giňden ýaýraýar we özüniň “takyk bahasyny” hiç wagt ýitirmeýär. Tersine , dostjan , sen aýdýan gepleriňi “derejä” göterip geplemeýän bolsadyň, onda olar bir-birine “köpeldilmän”, hemişe öz “takyk bahasyny” müdimilik saklardy.
Menem öz nobatym gidip barýan ýaly, duran ýerimde diýenimi duýman galýardym. Soň ýene bularyň jedelini diňlemäge durýadym. Fizik göýäki açyş eden kanunyny biri elinden alyp barýan ýaly howatyrly gepledi:
― Meniň aýdýan sözlerim edil “magnit güýji” ýaly adamlary özüne çekýär. Gaýtam, “diffuziýada” molekulalaryň bitertip hereket edip, biri-birine aralaşyşy ýaly, sen hem käwagt bitertip hereket edýärsiň.
― Ýo-o-ok, dostjan, sen ýalňyşýarsyň. Meniň hereketlerim ed-d-dil “perpendikulýaryň” takyk 90 bolşy ýaly “konkretnyý”. Eger sen ýalňyşmaýan bolsaň bizem bileli, subut et-dä.
― “Molekulalar hemişe bitertip (haotik) hereketdedirler” diýen tassyklamany beýik fizige subut etmek üçin birnäçe wagt gerek bolşy ýaly, menem wagt talap edýän. Men seniň bu hereketiň baradaky “Matematik dostum köplenç bitertip hereketdedir” diýen tassyklamamy subut ederin, bu hakyndaky ylmy işimi alyp bararyn, ýöne...―diýen wagty fizigiň aýagy ýoldaky kiçiräk çukurjyga gaçyp, ol büdredi. Ilki dostuna kömek beren matematik dost fizik dostuna:
― Eger sen okuwçy wagtyň sinuslar we kosinuslar teoremasyny öwrenen bolsadyň...―diýip, sözüni dowam etjek bolup ýerinden galan wagty tegelegiň “dugasy” kimin egri billi, “traýektoriýadaky” jisimiň hereket eden wagtynda galdyran yzy deýin bolup duran gür gaşly, “maddanyň gaty halyndaky” ýaly gatyja elli, emma “gönüçyzykly deňölçegsiz hereketdäki” hereket mysaly mähirli, ýöne mährini içinde gizleýän garry enäniň hüňürdisi eşidildi:
― Ýoluň üstünde beýdip çekeleşip durandan, heriň öz işiňiz bilen bolsaňyz bolmaýamy diýsene. Wah bularyň aýdýan zadyna düşüner ýalam däl-le, ýogsam şularyň aýdanyna düşüneýin diýip, diňläp durubam gördüm, gaýtam biri “malela” diýdimi, biri “pyragyra” diýdimi, bilemok. Şularyň diline hytaýly bolsaňam düşünip boljak däl...
Dostlaram kem galmajak bolup, onuň sözüne düşündiriş berdi. Fizik:
― Men-ä “malela” diýmedim, “molekula” diýdim ― diýip hüňürdese, matemetigem:
―Menem “pyragyra” diýmedim, “progressiýa” diýdim ― diýip hüňürdedi. Birdenem garry ene meni göräýmezmi?! Men pahyram syrym açylaýmasyn diýip ayagaldygyma gaçdym. Emma garry ene dostlar gözden ýitýänçä birtopar düşniksiz zatlar diýişdirdi, ýöne onuň näme diýenine menem düşünip bilmedim, çünki men eýýäm ol ýerden arany açyp, haşlap dem alyp durdym”.
Soňunyň näme bilen gutaranyny meniň hem bilesim geldi, ýöne näme edeýin?! “Aý borda” diýip oňaýmaly boldym.
-
112128
10 years ago
- ynha duzetdim, yazdym gaytadan..yalnyshlyk bolupdyr bagyshlan
-
KaRaTT
10 years ago
- tuweleme :)
-
messibet
10 years ago
- Şolaňky ýaly jedelleşip bilýän bolaýsaň
splendid 10 years ago- Name name?