Ähliňize salam! Bu gün © NEPES PROGRAMMING tarapyndan döredilen täze programmany siz bilen paýlaşmakçy. Sözlük TM-RU - Adyndan belli bolşy ýaly Türkmençe - Rusça sözlük. Sözlük häzirki wagtda Android Operasion Sistemasy üçin bolup, Android 4.0 we ondan ýokary görnüşleri (wersiýalary) üçin niýetlenendir. “Uly Türkmençe - Rusça sözlük” kitabynyň esasynda düzülen bu programma häzirki wagtda Türkmen dilinde ulanylýan 80100 sözi Türkmen dilinden Rus diline terjime etmäge ukyplydyr. Şol sanda bu sözlükde sözleriň terjimesiniň has-da düşnükli bolmagy üçin köp sözleriň terjimeleri sözlemleriň içinde mysal getirilip görkezilendir. Sözlük doly OFFLAÝN görnüşde işleýär, ýagny hiç hili internete birikme gerek däl. Programmanyň içinde şunça sözüň köplügine garamazdan, onuň ölçegi bary ýogy 2.8 MB Şonuň ýaly-da sözlükde "Gözleg" funksiýasy, düşnükli bolar ýaly Rus sözleri bilen Türkmen sözleriniň reňkleri dürli reňklerde görkezilendir. Sözlük düýbünden mugt görnüşinde ulanmaga berilýär. Eger-de size hakykatdanam bu sözlük ýaran bolsa kömek görnüşinde minnetdarlyk bildirip bilersiňiz! Programma barada giňişleýin maglumatlara programmanyň resmi saýtynda seredip bilersiňiz! Minnetdarlyk bildirmek üçin: http://nepespro.ru/p...ts/1/donate.php Programmanyň häsiýetleri: Platforma: Android 4.0+ Häzirki wersiýasy: 1.0 Dili: Türkmençe Ýyly: 2014 Öndüriji: © NEPES PROGRAMMING Resmi saýty: http://nepespro.ru/products/1/ Sözlügi hemişe öz şahsy web saýtyndan ýükläp bilersiňiz: Sözlük TM RU © NEPES PROGRAMMING 2012 - 2014, Ähli hukuklary goragly.

Köneler, AppEdit tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir