Dini soraglara jogap gepleşigi Bu bölümi diňlejek bolsaňyz saýtymyza baryň. Diňläp bilmeýänler üçin gysgaça ýazmaga çalyşdym. Jogap berilýän soraglaryň tertibi we jogaplaryň gysga görnüşi: 1= Geçen namazlaryň kazasy alynanda, namazy doly tärde okamalymy ? Jogabyň gysgaçasy:Diňe parz bilen watr wajyplary okamaly.Ýöne ertir namazy wagtyndan biraz geçirip okajak bolsa sünnetleri hem okamaly.Ýene, jemagat şekilde okalyp duran namazyň parzyna ýetişip sünnetine ýetişmän bolsa, jemagat namazyndan soňra derhal şol ýetişmedik sünnet rekagatlaryny hökman okamaly.Ýene bir mesele , ýolagçylykda galan namazlaryň kazasyny hem edil şol ýolagçylykda bolşy ýaly kazasyny almaly ýagny ýagny 4 rekagat parz 2 rekagat okalýar kazasyny hem edil ýolagçylygy wagtynda bolşy ýaly almaly. 2=Üşür-zekaty, garyp doganyňa we onuň çagalaryna bermek dogry bolýarmy? =Jogabyň mahlasy:Olara bermek dogry bolýar emma üşür-zekat berjek adamyň öz nesline ýagny çagalaryna, agtyk-çowluklaryna we hatda öz ene-atasyna we eje-kakasyna üşür-zekat bermegi dogry bolmaýar. 3=Adam tutup hakyna gabyr gazdyrmak nähili bolýar? =Jogabyň mahlasy:Dogry bolýar ýöne sogaby, gabry gazana däl-de ony hakyna tutup gabyr gazdyrdana ýetýär. 4=Jaý gurmak üçin döwlet tarapyndan berilýän matriallary alyp gymmadyrak bahadan satmak we şu işden görülýän peýdadan sadaka-zekat bermek dorumy? =Jogabynyň gyzgaçasy:Döwletiň özi ýazdyryp alana şu bahadan ýazdyrmadyga bu bahadan diýip yglan eden bolsa , aýby ýok emma döwlet işgäri aşakdan pul alyp matriallary nobatsyz bermegi ýa-da gymmadyrak bahadan bikanun bermegi dogry däl we ýene başga halatlar barada giňişleýin tärde jogap berilýär. Özüňiz diňleseňiz gowy bolar .Sebäbi ahun agamyz hajy Rejepmuhammed ahun Hanafi,, gaty giňişleýin jogap berýär. http://turkmen.irib.ir/component/k2/item/4879-dini-sowallara-jogap-10-oktýabr-2012 nullŞu ýere bas hany
Birnäçe dini soraga jogap
-
andrey
12 years ago
- dost nirden delile alya haysy fykh kitapdan alnan bular
-
turkmenradiosy
12 years ago
- Andreyiň jogabynda aýdar bolsam, biz türkmenler sünni Hanafy edil ürkler ýaly.umuman hemme türkmenler şeýle
-
turkmenradiosy
12 years ago
- Surat hem gaty uly bolupdyr düzetjek boldum ýöne nireden düzedilýänini bilmedim.garaz bagyşlaň
-
andrey
12 years ago
- yashuly bizem sunni hanafiy emma haysy kitaplardan alanynyzy soradym
Milashka92 12 years ago- gerekli maglumatlar eken.
Men namaz okasym gelya yone bashlap bilemok name ucindir